07.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi
10.02.2021 147 Habarlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerinidaşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda we ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky Düzgünnama, nyşanyň ýazgysy we şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.