Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip
atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz
etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary
netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy
nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna
öwrülendigini ýüze çykardy.
Aýdym-sazly dabaraly maslahata Arkadag şäheriniň,
ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň
hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulylary, döredijilik işgärleri,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar
häkimligiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Soňra dabaraly maslahat başlanyp, onda çykyş edenler
türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli
halkymyzy täze, 2026-nji ýylyň başlanmagy hem-de bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy
mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdiler.
Çykyş edenler her ýylyň şygarynyň we nyşanynyň yglan
edilmeginiň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigini, şol bir wagtda-da,
Täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy
boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelenligi bilen hem baglanyşyklydygyny
aýratyn nygtadylar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren
çykyşlarynda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň
bedew batly okgunly ösüşleri, şol ösüşlerde Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan
we binagärlik zehininden dörän täze Arkadag şäheriniň eýeleýän mynasyp orny,
halkymyzyň agzybirligi we tutanýerli zähmeti bilen gazanylýan belent
üstünlikler öz beýanyny tapdy.
Dabaraly maslahatyň ahrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.