Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip
geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä
jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
«Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen
ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda
ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň
ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň
milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly
däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň
jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň
yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi
dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli
ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.
Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny
bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly
baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl
bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl
aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak
ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde
aýratyn orun tutýar.
Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty,
ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün
Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň
ösüşleriniň nyşany bolup durýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da
şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde
ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde
gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam
urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli
ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň
däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke
bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň
şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda
terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp
garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy
özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly
atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden,
zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde
tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.