Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde robot tehnikasy
boýunça içerki çempionat geçirildi. Bäsleşik Watana gulluk etmek ýoluny saýlan
türkmen ýaşlarynyň intellektual mümkinçiliklerini we tehniki taýýarlygyny
görkezdi.
Harby okuwçylar öňde goýlan wezipeleri amaly
häsiýetde ýerine ýetirdiler. Harby mekdebiň okuw bölüminiň informatika mugallymy
Myrat Geldiýewiň bellemegine görä, döwrebap harby bilim ojagy iň täze tehnologiýalar
bilen enjamlaşdyrylandyr. Robot tehnikasy otaglaryndan başga-da, mekdepde lazerli
türgenleşik zallary we bodi-flaýting otagy hem işleýär. Bu ýaryş harby
okuwçylaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, nazary we amaly
meseleleri çözmegi başarýandyklaryny görkezdi.
Harby mekdebiň täze binalar toplumy 2024-nji ýylyň
1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp
ulanmaga berildi.
«Bu ýerde bolmak – uly mertebe we jogapkärçilik.
Bu ýaryş – uly ýaryşlara badalga berýän başlangyç synag ýalydyr» — diýip,
harby okuwçy Adylşa Mämmettuwakow belledi. Onuň sözlerine görä, bäsleşige
gatnaşanlaryň hemmesi geljekde serkerde bolmagy arzuwlaýarlar we
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň giriş synaglaryna taýýarlyk görýärler. Munuň üçin ýurdumyzyň taryhyny içgin öwrenýärler we beden taýýarlygyny güýçlendirýärler.