Täze ýylyň gelmegi
Türkmenistanda hakyky futbol joşguny bilen utgaşdy. Bu bolsa geň galdyrýan
ýagdaý däldir. Türkmenistanlylar elmydama bu iň meşhur sport görnüşiniň hakyky
muşdaklarydyr.
1960 – 1970-nji
ýyllarynyň «telewideniýe» nesliniň islendik wekilinden sorasaň, olar geçmişiň
futbol ýyldyzlarynyň onlarçasynyň adyny, meselem: Atamyrat Mämmedow, Annaly
Garadanow, Gurban Berdiýew, Wladimir Muntýan, Rinat Dasaýew, Dawid Kipiani ýaly
ussatlary, hem-de Pele, Garrinçe we Eusebio ýaly dünýä ýyldyzlaryny ýatdan
aýdyp bererler.
Şu günlerde
Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda
«Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk baradaky hoş habar
janköýerler tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu waka diňe bir sporty
wagyz etmäge däl, eýsem köpçülikleýin çäreleri guramakda sanly tehnologiýalary
ulanmaga hem itergi berdi. Aşgabat şäher häkimliginiň maglumat hyzmatlary we
sanly tehnologiýalar bölüminiň hünärmenleri bu duşuşygy ýokary tehnologik
derejede geçirmek, hususan-da, petekleri onlaýn satmak üçin ýörite programma
üpjünçiligini işläp düzdüler. 19-njy ýanwarda petekleriň satuwa çykarylan
pursadyndan başlap, häkimligiň bölüm müdiri Maksat Aşyrowyň we onuň
işgärleriniň telefonlary şu güne çenli bir pursat hem dymmaýar. Petekler
satylyp başlanan ilkinji günleriniň içinde olaryň müňlerçesi satyn alyndy.
Dünýä
ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky öňde duran bu duşuşyk Türkmenistanda ilkinji
gezek geçirilýär. Ol biziň futbolymyzyň abraýyny has-da belende göterjek ajaýyp
baýramçylyga öwrüler. Adybir «akylly» şäherde «Arkadag» futbol toparynyň
döredilmegi ýurdumyzdaky giň gerimli olimpiýa hereketiniň kanunalaýyk dowamy
boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli
üns-aladasy we goldawy netijesinde, topar gysga wagtyň içinde halkara
derejesine çykdy. Hut «Arkadag» toparynyň futbolçylarynyň gazanan üstünlikleri
netijesinde türkmenistanly janköýerler 11-nji fewralda «Olimpiýa» stadionynda
geçiriljek taryhy duşuşyga şaýat bolmaga mümkinçilik aldylar.