milli goshun logo
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysy çap edildi
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysy çap edildi
1 gün öň 57 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şahyryň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde edebi we ruhy mirasymyzy içgin öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň şertleriň döredilýändigini, häzirki döwürde dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň gymmatly mirasynyň toplanylmagy, neşir edilmegi babatda halkara derejede netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdi.

Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň goşgulary daşary ýurt dillerine yzygiderli terjime edilýär. Munuň özi beýik söz ussadynyň döredijilik mirasyna uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär. Şunda şahyryň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilmeginiň Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydygy bellenildi.

Çykyş eden diplomatlar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň Gündogar edebiýatynyň we dünýä medeniýetiniň taryhynda uly orun eýeleýändigini nygtadylar. Onuň şygyrlary türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň, häzirki wagtda möhümligi artýan ynsanperwer gymmatlyklaryň nyşanyna öwrüldi. Magtymgulynyň döredijiliginde Watana söýgi, adam mertebesine hormat, deňlik we adalatlylyk ýaly asylly häsiýetler açylyp görkezilýär. Hut şeýle taglymatlar özara düşünişmek we hormat goýmak köprüsi bolup, halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrýar. Bular barada 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda-da aýratyn nygtaldy. Çünki giň gerimli forumyň esasy maksady dana Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ybarat boldy. Bu ugurdaky işlerde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň hem uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, çykyşlarda şahyryň goşgular ýygyndysyny rumyn diline terjime etmäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

“Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr” diýip, çykyş edenler aýtdylar. Dostlukly halkyň dilinde ilkinji gezek çapdan çykan bu neşir ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Täze neşir rumyn dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän goşgulary ýerleşdirilendir. Çykyşlarda söz ussadynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň diňe bir beýik Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň edebiýat we sungat wekilleri bilen bir hatarda, rumyn halkynyň edebiýatynyň ösmegine goşant goşan meşhur şahyr Mihai Emineskunyň heýkeliniň hem oturdylmagy iki halkyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň dost-doganlyga, hoşniýetlilige esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösüşi barada-da aýratyn durup geçdiler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysy ýaly gymmatly neşirleriň yzynyň gür bolmagy arzuwlanyp, şeýle asylly işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy rumyn dilini öwrenýän ýaşlar üçin hem möhüm gollanma öwrüler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýygyndynyň terjime edilmegine hem-de çapdan çykmagyna gatnaşanlaryň hemmesine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.