09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Maslahatlar
Ary öýjügini özbaşdak aýryp bilersiňiz, ýagny gün batanda ähli arylar öýjüge ýygnanandan soň, öýjügi aýyrmak işine girişmeli. Munuň üçin galyň eşik, ellik, ary bilen meşgullanýanlaryň ýüz nikaby zerur. Bulary geýeniňden soňra, emaý bilen haltany öýjüge geýdirip, agzyny daňmaly. Pil, ýuka metal bilen öýjügiň düýbüni aýyrmaly. Mundan başga-da, ary öýjügini bedreli gaýnag suw guýmak, ony gömmek arkaly hem aýryp bolar. Eger-de insektisidleri (dihlofosy we beýlekileri) ulanjak bolsaňyz, hökmany ýagdaýda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeli.
Enjamlar elektrik toguna birikdirilgi halatynda näsazlyk dörese, ähli elektrik enjamlaryny tok paýlaýjy nokatlardan aýryň we öçürijileri «Öçük» ýagdaýyna geçiriň. Soňra awtomaty gaýtadan ýakyp, enjamlary ýeke-ýeke täzeden ötüriň. Eger tok goraýjylar keramikadan taýýarlanan bolsa, olary çalyşmak zerur, soňra täzeden ýakmak mümkin. Üns beriň! Eger ýagdaý gaýtalanýan bolsa we hatardan çykan elektrik enjamy, ýanan çyrany ýa-da artýan agramy tapmadyk bolsaňyz, onda mesele elektrik tok geçiriji simdedir. Munuň üçin elektrik toguny bejeriji ussa ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle ýagdaýlarda elmydama toguň gysga wagtlaýyn utgaşmasy netijesinde ýangyn howpunyň döräp bilýändigini unutmaň. Ägä boluň we ýatda saklaň: näsazlyklary bar bolan islendik enjamy ulanmaly däldir.