Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym
Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi
güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs
ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna
bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.