«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji
aýyndaky taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2026-njy
ýylyň 1-nji sanynda jemlenipdir.
«Dünýä ykrarydyr
türkmen bedewi!» atly makalada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň
geçen aýda mynasyp bolan abraýly halkara şahadatnamalary barada söhbet edilýär.
Türkmen bedewleriniň waspy «Behişdi bedewler döwrümiziň badynda» atly makalada
hem dowam etdirilýär.
Eýýäm ençeme
ýyldan bäri däp bolup gelşi ýaly, täze ýylyň ilkinji baýragyna çagalar mynasyp
boldular. Has takygy, ýylyň ilkinji günlerinde zehinli çagalaryň köp sanlysyna
Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
Elektron neşirdäki
«Watan goragy – belent mertebe» atly makala 27-nji ýanwarda bellenilen Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli paýlaşylýar. Indiki sahypalarda bolsa «Täze
banknotlar ̶ döwrebap ösüşleriň nyşany» atly täsirli makalany okap bilersiňiz.
«Wirtual aktiwler: sanly dünýäniň täze gymmatlyk ölçegi» atly makala hem
okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Makalalarynyň
köpugurlydygy bilen aýratyn tapawutlanýan neşir şu gezek ÝUNESKO bilen
hyzmatdaşlygymyzyň täze gözýetimlerine bagyşlanan makalany hem paýlaşypdyr.
«Saragt Babaýewiň
döredijiliginde saz sungaty» atly ylmy häsiýetli makala neşiriň täze sanynyň iň
täsirli çykyşlarynyň biri bolupdyr. Makalada heýkeltaraşlyk we saz
sungatlarynyň baglanyşygy inçelik bilen beýan edilýär. «Joşgunly derýasy akyp
baradyr» atly makalada bolsa Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel
Şagulyýewanyň döredijiligindäki inçelikler yzarlanylýar.
Däp bolşy ýaly,
neşiriň täze sanyndan hem halypalaryň we ýaş galamgärleriň birnäçesiniň täze
şygyrlaryny okap bilersiňiz.
«Şowsuzlyklary
ýeňişlere öwürmegiň sungaty» atly makalada keramikanyň täsin ugurlary barada
gürrüň edilýän bolsa, ahyrky sahypalarda ýerleşdirilen täleýnama hemmeleriň
höwes bilen göz aýlaýan bölegi.
Şu gezek «Gar
astyndaky miweler» diýlip atlandyrylýan işdäaçary taýýarlamak bilen bagly hem
gyzykly maglumatlar berilýär. Däp bolşy ýaly, neşiriň ahyrky sahypalarynda «Ýaş
waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem okap bilersiňiz.
Neşir täze sanynda ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan edipdir.