milli goshun logo
Ýaşlar biziň geljegimizdir
Ýaşlar biziň geljegimizdir
31.01.2022 2008 Raýat Goranyşy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Balkan welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki 3-nji we 23-nji orta mekdeplerde «Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramak we howpsuzlygy berjaý etmek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede mekdep okuwçylaryna  tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi goramagyň usullaryny, şeýle hem ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň düzgünleriniň berjaý edilişiniň endikleri giňişleýin düşündirildi.

Şeýle hem wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işleriniň geçirilişi bilen baglanyşykly wideoýazgylara tomaşa edildi.