Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk
halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk
ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we
halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny
hem-de Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. «Ýurtlarymyzyň syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady,
medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hereketlerini üstünlikli
utgaşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr»
diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan
saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa
parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.