milli goshun logo
ÝAŞ NESILE KÄMIL BILIM
ÝAŞ NESILE KÄMIL BILIM
03.04.2023 898 Raýat Goranyşy

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň guramagynda  Aşgabat şäheriniň umumy bilim edaralarynyň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersini okadýan mugallymlary bilen «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak» atly okuw ýygyny geçirildi. Bu okuw ýygynyna Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw ýygynyň dowamynda orta mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň raýat goranyşa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ýaşaýyş durmuş esaslary dersinde geçilýän okuw sapaklarynyň netijeliligini we hiliniň ýokarlandyrylmagy, olaryň adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň we tebigy betbagtçylyklardan goranmagyň endiklerini we ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça çykyş edildi. Tebigy betbagtçylyklardan goranmak boýunça okuw sapaklary mekdep okuwçylary üçin uly ähmiýete eýedir. Çünki biziň döwletimizde iň gymmatly hazyna adamdyr. Hazynanyň iň göwher düri bolsa gelejegimiz bolan ýaşlardyr.