milli goshun logo
OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
03.04.2023 469 Raýat Goranyşy

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň guramagynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçeleriniň düzümi bilen sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda bölümçeleriň işini kämilleşdirmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça geçirilýän raýat goranyşy okuwlarynyň hilini ýokarlandyrmak, okuw sapagyna gatnaşýan diňleýjileriň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bilimlerini artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Okuw maslahatynyň ahyrynda ýüze çykmak töwekgelçiligi bolan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we ýok etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini howpsuzlandyrmaga, aýratyn möhüm we howply desgalaryň, maddy we medeni gymmatlyklaryň goraglylygyny üpjün etmäge, umumy döwlet ähmiýetli wezipeleri utgaşdyrmaga gönükdirilen «Raýat goranyşy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny 2019 – 2030-njy ýyllar aralygynda durmuşa geçirmegiň Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» hakyndaky Maksatnamasyna laýyklykda, geçirilýän okuwlarda adatdan daşary ýagdaýlaryň tebigy görnüşi bolan ýer titremeleri we onyň ýetirip biljek zyýanly netijeleri, ýer titremede özüňi goramagyň howpsuzlyk düzgünleri barada geçirilýän okuw sapaklaryny kämilleşdirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.