Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat
bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany»:
parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa
ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň,
pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy
partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we
halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.
Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda
ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde
türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň
belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan
gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä
gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna,
şaý-seplerine hem möhüm orun berildi.
Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany»:
parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis öz işine
başlady. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda
aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda
ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen
bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi.
«Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň
çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine
ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi. Meşhur sungat ussady
ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini, türkmen sungatyny
we medeniýetini dünýä çykarmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik geljegi
nazarlaýan işleriniň uly rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy. Bu bolsa
medeniýetleriň özara baglanyşygyny pugtalandyryp, onuň üsti bilen Watanymyzyň
waspynyň ýetirilmegini üpjün edýär.
Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew hem çykyş
etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, çeperçilik akademiýasynda talyplara bilim
bermek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl,
eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da uly meşhurlyk gazanan ussat heýkeltaraş
häzirki döwürde sungat äleminde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna
döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu bolsa beýleki ugurlarda
bolşy ýaly, milli heýkeltaraşlyk sungatynda hem täze nesilleriň kemala
gelmegini üpjün edýär. Munuň özi milli sungatyň beýik geljegi nazarlaýandygynyň
we onuň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr.
S.Babaýew ýaşlaryň arasynda sungatyň heýkeltaraşlyk
ugruna höwes bildirýänleriniň köpdügini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan, atalyk maslahatlaryndan
ruhlanyp, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça belent derejelere ýetmegi
ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigine ünsi çekdi. Şunda
ýaşlaryň arasynda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge höwesekleriň
sanynyň artýandygyny bellemek gerek. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň
tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary,
abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine
çykarylýar. Şunda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gatnaşyklar
yzygiderli häsiýete eýe bolýar.
Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa söz
berildi. Ol çykyşynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik
işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini aýtdy. Ç.Rustemowa paýhasly pederlerimiziň we zähmetsöýer
halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini,
munuň şöhraty dünýä dolan Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň dünýä
nusgalykdygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda
alnyp barylýan işler, aýratyn-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola
goýulýan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Bellenilişi ýaly, «Görogly» dessançylyk sungaty,
«Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz
çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen
keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri,
molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty
we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizildi. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän milli
gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
Bu ýerde kaşaň sahnada oturdylan monitorda ady
rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine, olaryň taryhyna, ýyndamlygyna, reňk
aýratynlyklaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Diýarymyzda baý taryhy we
ruhy mirasy gorap saklamakda, ony dünýäde giňden wagyz etmekde hormatly
Prezidentimiziň edýän tagallalaryndan ruhlanyp, asyrlar aşyp gelýän
ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen
Konlon öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda alnyp barylýan işlere,
atlar üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Ýewropanyň,
Aziýanyň, Amerikanyň köp sanly ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklamak, olary
ösdürip ýetişdirmek, atlary iri bäsleşiklere gatnaşdyrmak meselelerine möhüm
ähmiýet berilýär. Bu bolsa bedewleriň dünýäde mynasyp orun eýeleýändiginiň we
olaryň atçylyk sporty boýunça uly ýeňişleri gazanmaga ukyplydygynyň güwäsidir.
Ilçiniň çykyşynyň bütin dowamynda monitorda Beýik
Britaniýadaky Windzor galasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem gatnaşmagynda
geçirilen atly sport çärelerindäki çykyşlardan we ol ýerde ýaýbaňlandyrylan
sergi-ýarmarkadan wideoşekiller görkezildi.
Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde
geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri
boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan atyň eýesi, fransiýaly
atşynas Odri Martinesiň wideoýazgy arkaly çykyşy diňlenildi. Ol çykyşynda öz
atynyň dünýä giňişliginde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň
arasyndaky dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolmagynyň özi üçin uly
hormatdygyny belledi. Atşynas Türkmenistanda bu pudagy ösdürmek babatda
döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen
halkara at çapyşyklaryna, onda ýurdumyzdan ýeňiji bolan çapyksuwarlara
bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grandyň çykyşy ahalteke bedewleriniň
özboluşly aýratynlygyna bagyşlandy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä
beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki şöhraty
barha belende galýar. Bu bolsa Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi we
ýurduň atşynaslarynyň iri bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere
döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini subut edýär. Diplomat ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde
döwrebap aýlawlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň gurulýandygyny, bu işleriň
Türkmenistanda atly sporty ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň
aýdyň beýanydygyny nygtady.
Ilçiniň çykyşy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda
Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň
arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş
baýragyna mynasyp bolan fransiýaly atşynasyň baýrak alyp duran pursatlaryndan
wideoşekiller bilen utgaşdy.
Soňra Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi
Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko çykyş etdi. Ol türkmen topragynda
bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Diplomat çykyşynda dünýäde meşhurlyk gazanan
ahalteke bedewleriniň taryhyna, şu gününe we milli seýisçilik sungatyna
bagyşlanan halkara mejlise gatnaşyp, çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyrýan ahalteke
bedewleri häzirki döwrüň parahatçylykly gatnaşyklarynyň nyşany hasaplanýar.
W.Maýkonyň çykyşy Kronenberg şäherinde geçirilen dünýä
çempionatynda ukrainaly atşynaslaryň baýrak alyp duran pursatlaryndan
wideoşekiller bilen utgaşdy. Şeýle-de bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelliginiň
şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edilişine
bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Halkara mejlis Türkiýe Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejiniň çykyşy
bilen dowam etdi. Diplomat çykyşynda ata Watany Türkmenistanda ösdürilip
ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň
buýsandyryjy ýagdaýdygyny aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda iki
doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar.
Şunda medeni-ynsanperwer, şol sanda atly sport boýunça gatnaşyklara hem aýratyn
orun degişlidir. Ilçi Türkmenistanda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde
dünýä nusgalyk ýörelgeleriň bardygyna we bu ugurda oňyn tejribe toplanandygyna
ünsi çekdi.
Türkiýeli diplomatyň çykyşynyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul
şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda eden
çykyşlaryndan wideoşekiller görkezildi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşy diňlenildi.
Çykyş «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň
Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherindäki çykyşlaryndan
wideoşekiller bilen utgaşdy.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gatnaşyklar giň ugurlary öz içine alýar.
Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, milli atşynaslyk däpleriniň giňden
wagyz edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekmek zerurdyr. Türki halklaryň hemmesi üçin
ähmiýetli bolan «Kitaby
dädem Gorkut»,
«Görogly» ýaly eserlerde atyň ýigidiň ýakyn syrdaşydygy beýan
edilýär. Munuň özi taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine gyzyklanmalaryň örän
ýokary bolandygyny subut edýär.
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşynyň dowamynda bolsa
monitorda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik
bäsleşiklerine gatnaşan türkmen bedewleriniň çykyşlaryndan pursatlar
görkezildi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak
ugrunda edilýän tagallalar ýokary baha mynasypdyr. Bu işleriň talabalaýyk alnyp
barylmagy atlaryň sagdynlygyna, beden gurluşyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde
deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we olaryň arassa
ganlylygyny saklamak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň
agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna
Annaýewa öz çykyşynda bilim ojagynda atçylyk boýunça geçilýän sapaklary has
çuňňur özleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň
ýakynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň öňünde geçen umumy okuw
sapagynda hem ýaş nesillere atçylyga söýgi döretmegiň ähmiýeti barada gymmatly
pikirlerini paýlaşandygyny aýtdy. Şol pursatda monitorda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň haýran galdyryjy
çykyşlaryny görkezýän şekiller peýda boldy.
Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany»
ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren halkara mejlisde beýan
edilen pikirdir teklipler barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Mejlise
gatnaşyjylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
tagallalary netijesinde belent maksatlaryň amal bolýandygyny nygtap, atçylyk
däplerini ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra mejlise gatnaşyjylar «Arkadag» binasynyň çägindäki meýdança ýygnandylar. Bu ýerde
Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda
atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli
geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde konserte tomaşa etmäge
gelmegi ajaýyp künjekde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň derejesini
has-da belende göterdi. Munuň özi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly
ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygyny
ýene bir ýola äşgär etdi.
Döwlet Baştutanymyz çäreleriň guramaçylyk derejesine
ýokary baha berip, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkymyzyň ruhy
dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda zerur tagallalary edýändiklerini belledi we olara
alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Behişdi bedewleriň şanyna Arkadag şäherinde guralan
dabaralar ýurdumyzda şöhratly seýisleriň asylly ýörelgeleriniň ösdürilmegi arkaly
bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň
görkezdi.
Soňra joşgunly konsert feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini
bilen utgaşdy. Tyllaýy agşamda Arkadag şäheriniň asman giňişligini bezän bu
şekiller çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.