Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
döwlet sapary bilen, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa
Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi
ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga
gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä
döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly
gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa
Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip,
strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki
yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Bu gatnaşyklary hil taýdan
täze derejä çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny bellemek
gerek. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli
Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany
açar.
Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl,
eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy
parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara
goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-koreý
hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda ýurdumyz bilen köp ýyllardan
bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän iri koreý kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Bu
kompaniýalaryň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, nebithimiýa,
gazhimiýa pudaklarynda bilelikdäki giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Munuň özi özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary
ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
möhüm ugry bolup durýar. Ýewraziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly
ýerleşýän Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy üstaşyr geçelgeleri
döretmekde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp
bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa
Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär. Ýurdumyzyň
bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili öwredilýär. Ylym-bilim
ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar
pugtalandyrylýar. Akademiki alyşmalar, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylyp, bilim işine döwrebap
standartlar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat we
tehnologik ösüşi üçin işgärler kuwwatyny kemala getirýär.
Ýurtlarymyz ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň
ösdürip, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak
meselelerine aýratyn üns berýärler.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp
barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy esasynda iki
sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket
etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla
çenli bu forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler
görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk
etdi. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi Aşgabatda
geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet
saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit
ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň ornuny aýdyň görkezer.
...Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki
ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul
ediş howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň
gelmegi mynasybetli hormat topy atyldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa
Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet
sapary dowam edýär.