Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda
taryhy sahypany açýan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine
gatnaşdy.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy
özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň
geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär. Ýokary
derejedäki duşuşygyň gün tertibi köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin
strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga gönükdirilen meseleleriň giň
toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanlary Ýewraziýa giňişliginde
ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika
durnuklylygyny üpjün etmek, senagat kooperasiýasyny giňeltmek, ýokary
tehnologiýalary alyşmak, ekologiýa ulgamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa
geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Sebitde ykdysady-energetika merkezleriniň biri we
ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän Türkmenistana bu dialogda aýratyn orun
degişlidir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, açyklyk, netijeli hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty sebitara integrasiýa kuwwatly itergi
berýär. Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna
hemmetaraplaýyn baha berip, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny
kesgitlärler hem-de bu ugurlary durmuşa geçirmegiň bitewi gurallaryny işläp
taýýarlarlar. Ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen
Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze
derejä çykarmaga ýardam berer.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz sammitiň geçiriljek
ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti
mähirli garşylady.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan
soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işine başlady.
Ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji
gezek bir ýere jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary
bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy
ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz
berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz
çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona
bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler
üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi
arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň goýulýandygyny belledi.
Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň,
ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany şertlerdiginden ugur alýar.
Biziň ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
esaslanýar.
«Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny,
täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny
döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda
öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak
isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat
alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman,
urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny
döretmegi göz öňünde tutýar» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.
Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw
meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup
durýar. Bu babatda «Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we
Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.
«Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de
Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze
görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik.
Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary,
bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş
alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi,
Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny
döretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam
etdi.
Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan
tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň
medeniýetara alyşmalarynyň «Ýol kartasy», şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy
teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän
festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri
geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda
hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport
oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parlament
diplomatiýasynyň ösdürilmegine hökümetara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi,
ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde
garaýandygyny aýdyp, şu sammitiň gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryndan
hyzmatdaşlygyň bitewi we uzak möhletleýin ulgamyny kemala getirmäge geçmek üçin
mümkinçilik açýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň formata
gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli
hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu formatyň işjeň agzasy bolmaga
taýýardygyny tassyklap, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk
forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we
halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm
şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa
Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig
mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň gorlaryny bilelikde
özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň
ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek,
emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny
sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy
uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň
jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul
Jarnamasy kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon
işewürler sammitiniň ýörite mejlisini açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen
Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp
gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de
ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda hemmeleri
Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog
üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde
mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar
boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum
hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde
garaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şunda işewürlik jemgyýetçiliginiň
uly ornuny belläp, öz zähmeti, zehini bilen ýokary netijeleri gazanan
jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem,
Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň
täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde
hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynam bildirdi. Munuň
özi ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket
etmegi üçin berk binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Koreýa
Respublikasynyň ykdysady, tehnologik kuwwatynyň, şeýle-de olaryň ösüş
depgininiň iň batyrgaý we geljegi uly maksatnamalary amala aşyrmak babatda giň
mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn belläp, Türkmenistanyň bu işlere işjeň
gatnaşjakdygyny, işewürlik jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary,
alyşmalary ösdürmek üçin ähli zerur ýardamy bermäge, hyzmatdaşlyk meýillerinde,
başlangyçlarynda işewürlik işjeňligini, özbaşdaklygy hem-de innowasiýalary
höweslendirmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, Koreýa özüni Merkezi Aziýa
döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde görkezdi.
Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň,
maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär. «Koreý
kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr.
Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary
durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris»
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň hem-de olara wekilçilik edýän
işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk integrasiýasynyň ýoly bilen
hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we geljekki geoykdysady
gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şunda Türkmenistanyň
ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap,
oňa aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de işewür toparlary yklymyň ulag
ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik
taýdan ýerleşişiniň döredýän bähbitlerini hem-de artykmaçlyklaryny işjeň
ulanmaga, durnukly ulag geçelgelerini, logistika arabaglanyşygyny döretmäge
işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
«Ýaňy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
sammiti öz işini tamamlady. Onuň öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan
wajypdygyny belleýäris» diýip hormatly Prezidentimiz nygtady. Sammitiň
dowamynda pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini we köpugurly
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy maksady tassyklandygyny bellemek gerek.
«Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge
mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza
täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady
döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar» diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli
durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny
giňeltmäge, onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň
ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz işewürlik
sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini
hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen
diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda geologiýa, mineral serişdeleri
gaýtadan işlemek, energetika ulgamynda, şol sanda «ýaşyl» energetikada
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny
ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň üstaşyr
geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň
hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Seul
şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu
ýerden Watanymyza ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary mähirli garşyladylar. Olar hormatly
Prezidentimizi döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hökümet
agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Songýungwan uniwersitetiniň syýasy
ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Koreýanyň Halkara söwda
assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap,
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Koreýa
Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we
özara hormat goýmagyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi. Seulda geçirilen ýokary
derejedäki gepleşikler we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy
dürli ulgamlarda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady
goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky
ilkinji sammitine gatnaşmagy hem-de däp bolan dostlukly dialogyň hil taýdan
täze derejä çykarylmagy bolsa taraplaryň tutuş sebitiň abadançylygynyň
bähbidine uzak möhletli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny
tassyklady.
***
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky
işewürler sammitiniň dowamynda mowzuklaýyn mejlisler hem geçirildi.
Seýrek duş gelýän mineral serişdeleri, energetika we
üpjünçilik zynjyrlary ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan mejlisde Koreýanyň
tehnologik standartlaryny, ekologik taýdan arassa usullaryny ornaşdyrmak arkaly
tebigy serişdeleriň ýataklaryny bilelikde özleşdirmek bilen baglanyşykly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwdany, maýa goýumlary giňeltmäge
bagyşlanan mejlisde taraplar söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek,
Koreýanyň maliýe institutlary arkaly ýörite karzlaşdyryş maksatnamalaryny
giňeltmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde ýokary tehnologiýaly önümçilikleri
ýola goýmak bilen bagly soraglara seretdiler. Senagat desgalary, ulag-logistika
ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan mejlisde multimodal ulag
geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny, şol sanda Hazarüsti ulag
geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, intellektual
eýeçiligi goramak, ýük akymlaryny çaltlandyrmak üçin standartlary özara
utgaşdyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.
***
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw
guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy; Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk
boýunça başlangyjy; Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň
howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy
kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň
arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.
***
Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň birinji duşuşygy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: emeli aň, ylym we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumy geçirildi. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.