«Lockheed Martin» kompaniýasynyň «Indago
3» atly drony 50-70 minutlap howada uçup bilýär. Uçarmansyz uçaryň ýantorbada
daşamak mümkinçiligi we çydamlylygy ony öz bäsdeşlerinden öňe saýlaýar.
«Uçarmansyz uçar sistemalary we olaryň
ukyby barada söz açylanda göwrüm möhüm meseledir. Meýdan goragy ýaly möhüm meseleleri
mümkin boldugyça iň sada görnüşe getirmek isleýäris. Biziň uçarmansyz uçarymyz
muny doly derejede durmuşa geçirip biler» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy
belleýär.
Dron 300 metrden hem tehnikalaryň göze ilmejek belgilerini hem okaýar we ýokary hilli elektro-optiki suratlary düşürip bilýär. Ony gijelerine örän ownuk maglumatlary anyklamak üçin hem ulanyp bolýar.