«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da
giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere beslenýär. Munuň özi
Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen strategik gatnaşyklarynda,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygynda öz
beýanyny tapýar. Türkmenistan halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolup,
Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary taglymlaryna we maksatlaryna ýetmäge
gönükdirilen täze başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. BMG-niň Baş
Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasy hem dünýä gurluşynyň, halkara
howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde tagallalaryň
birleşdirilmegi üçin möhüm meýdança öwrüler.
Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy
hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň
öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny
beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary
öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek,
parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň
gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy
ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde
kesgitlenilip, ol şeýle bolmagynda-da galýar.
Bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň
parahatçylygy gorap saklamak, halkara howpsuzlygy berkitmek, milli, sebit we
ählumumy bähbitleri hasaba alyp, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky düýpli
maksatlar bilen gabat gelmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen
strategik hyzmatdaşlygynyň esasy binýady bolup durýar. Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň köptaraplaýyn
resminamalarynyň toplumy, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi
Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işi
maksatnamalaýyn hereketleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini
berkitmäge gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda
dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri babatdaky anyk garaýyşlary we başlangyçlary
öňe sürmegi, bitaraplygyň institusional mümkinçilikleriniň, hereket edýän
gurallarynyň ornuny güýçlendirmegi yzygiderli dowam etdirer. Şunda halkara
syýasatyň, geljek nesiller üçin asuda dünýäniň, däp-dessurlaryň ähmiýetine
hemmetaraplaýyn goldawyň hem-de howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine
dialogyň oňyn tejribeleriniň hukuk we ynsanperwer mazmunyny güýçlendirmek
meselelerine aýratyn üns berler. Bu ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň açyklyk,
hoşniýetlilik, işjeň özara hereketler ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär we
häzirki zaman dünýäsiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmekde Türkmenistanyň
BMG-ä agza döwlet hökmündäki çynlakaý hem jogapkärli çemeleşmelerini
tassyklaýar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň
ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga
esaslanýar.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasyna
parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine halkara
jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň möhüm tapgyry hökmünde
garaýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda Milletler Bileleşiginiň we onuň
düzümleriniň çäklerinde bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň
hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili”
ýörelgeleri hakynda, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we
ähmiýeti” atly Kararnamalar aýratyn orny eýeleýär.
Nobatdaky sessiýada Türkmenistan BMG-niň
howandarlygynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň
ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak
boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy
we howpsuzlygy berkitmek babatda toplumlaýyn çemeleşmeleri ilerletmek maksady
bilen, ýurdumyz ynanyşmak medeniýetini, dialogy, öňüni alyş diplomatiýasyny
mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda Türkmenistan 2027 —
2037-nji ýyllary “BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy”
diýip yglan etmegi teklip edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz BMG-niň
çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarlylygynyň deňliginiň
dostlary toparyny döretmek başlangyjyny hem öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini iş
ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm
birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda nobatdaky ädim
hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylygyň,
bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek
boýunça geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara gün tertibiniň aýratyn ugry sanly
tehnologiýalary we emeli aňy ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan halkara
gatnaşyklarda hem-de diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça
BMG-niň howandarlygynda halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şunuň
bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli
aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny
geçirmek meýilleşdirilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak
maksady bilen, ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin
öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň
taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.
Türkmenistanyň halkara gün tertibinde durnukly ösüş we
halkara ulag hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyz ulag
diplomatiýasynyň wajyp merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli
pugtalandyrýar. Şoňa görä, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň
Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamanyň
durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň amala
aşyrylyşyna gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde
Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam
etdirer. Şeýle-de Türkmenistan 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza
maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine
işjeň gatnaşar.
Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň
howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça
halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Mundan
başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi
arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag
geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürler. Bu başlangyçlaryň durmuşa
geçirilmegi halkara ulag aragatnaşyklarynyň giňeldilmegine, söwdanyň
ösdürilmegine hem-de sebitleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda
ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we
energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri hem möhüm orny eýeleýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça howanyň üýtgemegi babatda
başlangyçlaryň öňe sürülmegine ýardam bermäge we halkara hyzmatdaşlygy
institusional taýdan pugtalandyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
täze meýdançasy hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip ediler. Mundan
başga-da, Türkmenistan gurakçylyk we suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli
düýpli kynçylyklary başdan geçirýän sebitleriň howa durnuklylygyny
pugtalandyrmaga degişli başlangyç bilen çykyş eder. «Durnukly ösüşi üpjün
etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly
Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin
durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumyň guralmagyna taýýarlyk görmek
boýunça geňeşmeler geçiriler.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň
daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyz zenanlaryň we ýaşlaryň bähbitlerine gönükdirilen
dialogyň, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen
baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek,
«Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde BMG-niň
Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen hyzmatdaşlygy
ilerletmek işi üns merkezinde bolar. Şeýle-de ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we
parahatçylykly başlangyçlarda eýeleýän ornuny hem-de işjeňligini
ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işine goldaw bermek boýunça
işler dowam etdiriler. «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň
çäklerinde ýurdumyz ýaş nesliň wekilleriniň halkara hem-de sebit
başlangyçlaryna gatnaşmagynyň giňeldilmegine ýardam bermegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen
hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda halkara hukugy babatdaky
başlangyçlar hem möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen
Türkmenistan halkara hukugyň ornuny pugtalandyrmaga, häzirki zaman halkara
gatnaşyklarynda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ählumumy
teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde 2028-nji ýyly «Halkara
hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi görkezmek bolar. Bu başlangyç
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň we döwletleriň arasyndaky
gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara hukuk kadalarynyň aýratyn ähmiýetini
ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde
Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş
diplomatiýasynyň, durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara
maslahaty geçirmek teklip ediler. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň
Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde işjeň
iş alyp barmagyny, şeýle-de BMG-niň, onuň beýleki edaralarynyň,
komissiýalarynyň, düzümleriniň işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Şunuň bilen
bir hatarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda
Türkmenistanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde
geçiriljek saýlawlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki saýlawly
edaralaryna dalaşgärligini hödürlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň
möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde alyp barýan işjeň
hem-de oňyn orny ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň barşyna yzygiderli gatnaşmagyna,
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna, özara düşünişmek, ynanyşmak,
deňhukuklylyk ýagdaýyny kemala getirmäge goşant goşmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary sebit we ählumumy ähmiýetli taslamalarda,
maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Olary parahatçylygy, howpsuzlygy
pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge we halkara bileleşigiň
umumy bähbitlerini goramaga bolan gyzyklanma birleşdirýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji
sessiýasynda ileri tutýan ugurlary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk,
parahatçylyk söýüjilik, oňyn dialog we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasat ugrunyň üýtgewsizliginiň nobatdaky beýanydyr. Ýurdumyzyň öňe
sürýän başlangyçlary halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly
hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de häzirki we geljek nesilleriň abadançylygynyň
bähbidine umumy maksatlara ýetmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.