milli goshun logo
Özbaşdak dolandyrylýan «Racer»
Özbaşdak dolandyrylýan «Racer»
3 gün öň 23 Tehnologiýa

Döwrebap innowasion harby tehnikalary bilen tanalýan DARPA kompaniýasy özbaşdak hereket etmek mümkinçiligine eýe bolan söweşjeň tankyny hödürleýär. «RACER»-iň agramy 12 tonna bolup durýar. Onuň bütin dünýäde dürli söweş şertlerinde synagdan geçirilip, tejribe toplandygyny bellemek gerek. «RACER» gür tokaýlyklarda, suwuň astynda we üstünde, daglyk hem-de çöllük ýerlerde, umuman aýdanyňda, päsgelçiliklerden doly landşaftlarda dolandyrylýan harby tehnikadyr. 30 mil aralyga çenli özbaşdak hereket edýän «RACER» kompaniýanyň ösüşinde taryhy öňegidişlik hökmünde ykrar edildi.