«Goşun – 2024»
ýarag sergisinde görkezilen «Rapira-3» uçarmansyz uçarlara garşy göreşýän
sowutly ulaglaryň täze neslidir. 80 millimetr kalibrli raketalar bilen enjamlaşdyrylan
bu tehnika howadaky howply nyşanlary gözlemek we yzarlamak, ýurduň çägini howa
hüjüminden goramak wezipelerini ýerine ýetirýär. Onuň «Spartak» sowutly ulagyň
esasynda döredilendigini bellemek gerek. Sowutly ulagyň esasy ýaragy hökmünde
on sany «S-8» raketasyny atyp bilýän atyjy enjam ornaşdyryldy. Sanly ulgama
daýanýan bu enjam howa arkaly hüjüm edýän uçarlary we dikuçarlary gözläp tapyp,
olary üstünlikli ýok etmäge niýetlenendir.