Şu ýylyň Howa sergisinde iň täze tehnologiýalaryň hatarynda özbaşdak dolandyrylýan «Orca» gämisi hem köpçülige görkezildi. Häzirki zamanyň sürüjisiz söweş gämisi bolup durýan «Orca» dünýä döwletlerinde «JARI-USV» diýlip hem atlandyrylýar. Onuň agramy 500 tonna, uzynlygy 58 metre, ini 23 metre barabardyr. Bu gämi 4000 mil aralygynda söweşjeň hereketleri, şol bir sanda wizual zarba urmagy, howa we raketa goragyny, gözlegleri we hüjümleri özbaşdak amala aşyrmaga ukyplydyr. Şonuň üçin hem sürüjisiz özbaşdak dolandyrylýan «Orca» gämisi dünýä döwletleriniň goşun görnüşlerinde möhüm orun eýeleýär.