Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri
Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli
baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
«Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň
arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki
wagtda döwletara gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň
halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan
saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş
hem-de rowaçlyk arzuw etdi.