Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe
bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny
pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün
etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly
şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak
boýunça möhüm işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň
harby gullukçylary iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk etmek, söweşjeň
taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň
polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýörelgelerini
mynasyp dowam etdirýärler. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli
dabaraly harby ýörişlere gatnaşyp, Watanymyzyň goranyş kuwwatyny, halkymyzyň
parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň
gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny,
başarjaňlygyny görkezýärler.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine
geldi.
Bu
ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar
toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Soňra
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra
bu ýerde harby gullukçylar edebi-sazly kompozisiýany hem-de eziz Watanymyzy
wasp edýän buýsançly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Hormatly
Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny
kesdi.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy dolandyryş
binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, esger
ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan,
päsgelçilik ýodasyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, hojalyk we durmuş
maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin ýokary derejeli
gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulypdyr.
Soňra
döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar toplumynyň dolandyryş binasyna
bardy.
Bu
ýerde harby gullukçy hormatly Prezidentimizi Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki
döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman
aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.
Dolandyryş
binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de döredilen şertleriň ýokary
halkara ölçeglere we harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýändigini
bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar bilen üpjün
edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň
we onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň
güwäsidir.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olar döwrebap tehniki
serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär, ylmy esasda geçirilýän okuwlaryň
netijesinde Watan goragçylarynyň hünär ussatlygy ýokarlanýar. Harby
gullukçylary taýýarlamakda diňe bir olaryň söweşjeň endiklerine däl, eýsem,
terbiýeçilik-watançylyk işine, söweşjeň tälimine hem-de bilim derejesini
ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.
Harby
gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge
döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan
goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk
etjekdikleri barada kasam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.
Bu
ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormat ýazgylar kitabynda
ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň
adyndan nepis türkmen halysy sowgat gowşuryldy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz harby bölümiň lukmançylyk nokadynda döredilen şertler bilen
tanyşdy. Lukmançylyk nokady iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.
Munuň özi saglygy goraýşyň halkara standartlaryna doly laýyk gelmek bilen,
harby gullukçylaryň saglygyny berkitmekde we gorap saklamakda aýratyn ähmiýete
eýedir.
Soňra
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerler ýatakhanasyna
bardy hem-de bu ýerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döredilen
mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Esgerler
üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy, gurluş aýratynlygy
bilen tapawutlanýar. Bu ýerde harby gullukçylaryň göwnejaý dynç almaklary,
wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen
mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly
laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine
ýetirmäge ruhlandyrýar.
Ýatakhananyň
içinde gündelik lybaslary we sport eginbaşlaryny, okuw esbaplaryny hem-de
arassaçylyk serişdelerini saklamak üçin niýetlenilen döwrebap tekjeler
ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ýatakhanada harby gullukçylar üçin durmuş taýdan
hyzmat ediş otagy, harby lybaslary hem-de beýleki goşlary saklamaga niýetlenen
otag bar. Bu lybaslaryň we harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeleriň
türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Otaglarda
döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary, ýokary hilli mebeller we abzallar
ornaşdyrylypdyr. Olarda döredilen şertler häzirki döwrüň talabyna doly laýyk
gelýär.
Durmuş
taýdan hyzmat ediş otaglary degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Harby
gullukçylaryň ygtyýarynda «Galkynyş»
otagy hem bar. Bu bolsa olaryň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini
gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam
edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
çuňňur watansöýüjilige ýugrulan eserleriniň ýerleşdirilmegi esgerleriň
watançylyk ruhuny belende göterýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz esgerler naharhanasyna bardy.
Bu
ýerde harby gullukçylar döwlet Baştutanymyzy naharhananyň döwrebap
mümkinçilikleri, azyk önümlerini saklamak we datly tagamlary taýýarlamak üçin
döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.
Esgerler
naharhanasynda ýokumly tagamlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, harby
gullukçylaryň talabalaýyk naharlanmagy, düzgün-tertibiň berjaý edilmegi üçin
zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhana häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk
gelmek bilen, bu ýerde nahar taýýarlamak hem-de azyk önümlerini talabalaýyk
saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap
naharhana häzirki zaman sowadyş we ýyladyş ulgamlary hem-de nahar taýýarlamak
işini ep-esli ýeňilleşdirýän zerur tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň
tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda aşpezleriň «Bereketli
türkmen saçagy» atly kitaby esasy gollanma öwrendiklerini nygtamak gerek.
Hormatly
Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylara hem sag-aman gulluk
etmeklerini we üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylar we
olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýyna geldi. Döwrebap
ýaşaýyş jaýynyň açaryny alan harby gullukçy N.Kowusow hormatly Prezidentimizi
mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçy we onuň maşgala agzalary
bilen söhbetdeş bolup, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Harby
gullukçynyň çagalary ýürek joşgunyny goşgy setirleriniň hem-de buýsançly
sözleriň üsti bilen ýetirdiler. Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes
gulluk borjuny berjaý etmegi we dynç almagy, şeýle hem olaryň maşgala
agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser
eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän ähli aladalary üçin hormatly
Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde
harby gullukçylardyr olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen,
her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy,
dükan, çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet
Baştutanymyz harby gullukçylary we olaryň maşgalalaryny zerur amatlyklar bilen
üpjün etmegiň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy hem-de ýaşaýyş jaýynda
döwrebap şertleriň, çagalar üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belläp,
maşgala agzalaryny täze toplumyň açylmagy, täze jaýa göçüp gelmekleri bilen
gutlady. Soňra maşgala agzalaryna sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz harby gullukçynyň maşgala agzalarynyň haýyşy boýunça olar bilen
ýadygärlik surata düşdi. Ýagşy däp-dessurlara eýerip, täze jaýdan paýly bolan
bagtyýar maşgalanyň hoşallygynyň alamaty hökmünde hormatly Prezidentimize toý
düwünçegi gowşuryldy.
N.Kowusow
Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, maşgala
agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin
ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly
bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine
ýetirmekde yhlas-başarnygyny gaýgyrman gulluk etjekdigine ynandyrdy hem-de
harby kasam etdi.
Amatly
ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen, ýyladyş hem-de
sowadyş ulgamlary ornaşdyrylan täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine hem
uly üns berlipdir. Olaryň myhmanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen giň, ýagty
otaglary, şeýle hem ýatylýan otaglary döwrebap mebel önümleri bilen
enjamlaşdyrylypdyr. Döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň ösen
talaplara laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Soňra
döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýyndan çykdy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň harby bölüminiň binalar we desgalar toplumyna täze awtoulaglaryň
açarlaryny gowşurdy.
Täze
ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli
gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga
ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesliň dynç almagy, sagdyn hem-de erkana
ösmegi üçin niýetlenen oýun meýdançasy döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzda ýaş
nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda ählitaraplaýyn alada etmegiň döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.
Harby
bölümiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde sportuň dürli görnüşleri
boýunça türgenleşikleri geçirmäge we ýaryşlary guramaga niýetlenen meýdançalar
bar. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň tälim almak bilen bir hatarda
sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklarynda we sagdyn durmuş
ýörelgelerine ygrarly bolmaklarynda ähmiýetlidir.
Harby
gullukçylaryň göwnejaý gullugy we döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň
döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki harby gullukçylar ata Watanymyzyň mukaddes
çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün
edýärler. Şeýle asylly wezipäni ýerine ýetirýän harby gullukçylara döwletimiz
tarapyndan aýratyn hormat goýulýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň
bina edilmegi we olaryň harby gullukçylara sowgat berilmegi hem şeýle
aladalaryň netijesidir.
Soňra
döwlet Baştutanymyz sadaka jaýyna bardy.
Bu
ýerde halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini dowam etdirip, sadaka bermek we
beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde
tutulypdyr. Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli
tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu
döwrebap bina hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň milli
däplerimizi ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilýändiginiň aýdyň
güwäsidir.
Soňra
hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki söwda nokadyna bardy.
Köpugurly
söwda nokadynda alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşleri
elýeterli edilipdir. Munuň özi ýaşaýjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. Bu
ýerde sahawatly türkmen topragynda bitýän miwelerdir gök önümler, türkmen
telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, şeýle hem beýleki önümler
alyjylara hödürlenýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ilaty azyk harytlary
bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini tassyklaýar.
Soňra
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar
toplumyny gurduryp berendikleri üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysyna hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan
hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hemmelere mukaddes harby gullukda hem-de Watanymyzyň asudalygyny
üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipelerini mynasyp ýerine ýetirmekde
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, täze harby bölümiň binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.