Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guralýan
dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň
ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Jon
Riz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ýurduň durmuşynda möhüm
ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman ak mermerli Aşgabatda ýokary
derejeli saglyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly
hormatdygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzda golf sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan
kompaniýanyň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp,
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparyny we dünýä belli
kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygyny hemişe ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny belledi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we
syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Munuň
özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň, şol sanda
golf sportunyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigini belläp, ýurdumyzda
golfçularyň täze nesliniň kemala gelýändigini aýtdy.
Saglygy
goraýyş we sport ulgamlarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine işjeň gatnaşýan «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy
dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli
kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň,
bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.
Aşgabat
şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň
arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň
meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda hyzmatdaşlygyň
ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Jon
Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet
berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, “Nicklaus Companies”
kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf
meýdançalaryny gurmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýolbaşçylyk
edýän kompaniýasyna ynam bildirilmeginiň özleri üçin belent mertebedigini
aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf sportuny ösdürmäge we sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.