Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Bouygues»
kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy,
hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şanly senäniň hormatyna
guralýan täze saglyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen tüýs ýürekden
gutlady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan
Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini uly
buýsanç bilen nygtady.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, «Bouygues»
kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen
ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu döwürde
paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar
durmuşa geçirildi. Bu kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň
aýdyň mysaly bolup durýar.
Aşgabadyň
halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny
pugtalandyrýandygyny belläp, myhman sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we daşary
ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri ugrunda ygtybarly kanunçylyk binýady
döredilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikdäki taslamalaryň
durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.
Türkmenistan
abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin
hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda «Bouygues» kompaniýasy
hem bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagat
we önümçilik, şeýle hem durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm
ähmiýet berilýändigini belläp, Milli Liderimiz bu ugur boýunça gatnaşyklary
ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Marten
Buig bildirilýän ýokary ynamyň özlerini has tijenip işlemäge we iri möçberli
taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän
kompaniýasynyň geljekde hem degişli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek
ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we «Bouygues» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.