Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen
Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy
Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.
Koreýaly
myhman ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna guralýan
dabaralara gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanda geçirilýän
dabaralar mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Kim Çžin Pýo ähli
ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda guralýan giň
möçberli dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky
ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete
eýedigini belledi we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş
ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Myhman
Türkmenistanyň ähli künjekleriniň keşbiniň soňky ýyllarda has-da
özgerýändigini, ýurtda dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende galan ahalteke
bedewleriniň hormatyna giň möçberli dabaralaryň guralýandygyny nygtap, şeýle
ösüşlere Koreýa Respublikasynda uly buýsanç bilen syn edilýändigi barada aýtdy
we bu işleriň parahatçylygyň we rowaçlygyň aýdyň nyşanydygyny nygtady.
Milli
Liderimiz Türkmenistanda koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda senagat taýdan
ähmiýetli köp sanly önümçilik toplumlarynyň gurlandygyny we saglygy goraýyş
ulgamyna degişli desgalary enjamlaşdyrmakda olaryň işjeňlik görkezýändigini
belledi. Munuň özi özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we
hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary nazarlaýandygynyň güwäsidir.
Koreýa
Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala
aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen
oňyn çözgütleriň kabul edilendigini nygtady. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň
ägirt uly geljeginiň bardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag
şäherinde gurulýan önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda we bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmekde koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleriniň öwreniljekdigini
belledi. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine giň ýol açar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygyna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, koreýaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi we myhmana alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.