Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda
iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt
Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada
pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň
netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam
berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen
gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli
salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly
gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly
ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mirasdüşer Şazada
Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn
derejede, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň
çäklerinde netijeli ösdürilýär. Iki ýurduň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy
üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly garaýyşlarynyň
meňzeşligi ýa-da ýakynlygy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňyn şertleri
döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Bitarap
Türkmenistanyň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, ählumumy bähbide
gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini belledi hem-de pursatdan
peýdalanyp, ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Kuweýt tarapyna
minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hem Kuweýtiň netijeli
başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigi tassyklanyldy.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika,
ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi
uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler. “Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly
ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary
öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta
ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan
— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa
geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris” diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz aýtdy.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda
eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek,
ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň
bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça
sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk
ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny
aýdyp, Türkmenistanyň Kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny
tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi
we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda
geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy
çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan
daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm
ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer
Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň
doganlyk halklarynyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.