Hormatly
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda bellenilişi ýaly, häzirki zaman ählumumy
özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni
köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen
baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň
tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistan ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam
bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer
gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde
gazanylanlary goldamaga hem-de ilerletmäge gönükdirilen abraýly halkara gurama
hökmündäki işine ýokary baha berýär. Ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini
ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak
ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketler şu günki günde örän ähmiýetli bolup
durýar.
“Türkmenistan
ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýar we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar. Biz ICESCO
bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna
gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma
bildirýäris. 2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy
derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete
eýedir”, - Hormatly Gahryman Arkadagymyz diýip nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny hem belledi.