Şu gün ýurdumyzda
Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk
mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly
ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli
ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
...Irden sport
çäresine gatnaşyjylar welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil
şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň
ýanynda ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary
bar. Şanly sene mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary
döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Ýygnananlaryň arasynda welosport
boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, Ýaş
olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň
okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri bar.
Hemmeler hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat
ussatlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine
ýetirýärler.
Döwlet
Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň
kerweniniň öňüni çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip,
hemmeler Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen sazlaşykly
herekete başladylar. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik
toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Olaryň
döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini wasp edýän şowhunly çykyşlary ýörişe
gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
...Welosipedli
ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş
ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly,
ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet
köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Döwlet
Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk
köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli
meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça
toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler
Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs
ýürekden gutladylar.
Soňra hormatly
Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik
arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
***
Şu gün Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde,
ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy.
«Tegelek stol» duşuşyklary, maslahatlar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli
görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat,
bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan
ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi.