milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
21 sagat öň 44 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanylan, ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanun taslamalaryna seredildi hem-de kabul edildi.

Maslahatda «Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň düzümi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna üýtgetmeler girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary kabul edildi.

Soňra deputatlar «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu Kanunyň taslamasy administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, käbir administratiw hukuk bozulmalary üçin bellenilen administratiw jogapkärçilik berkidildi. Deputatlar «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler. Olarda hereket edýän kanunlaryň käbir maddalarynda ulanylýan birnäçe adalgalar döwrebaplaşdyryldy.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi.