milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
13 sagat öň 15 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň, özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Myhmanlar «PETRONAS» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Olar malaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini aýtdylar we mümkinçilikden peýdalanyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.