Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary
Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy.
Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary
mähirli garşyladylar.
Milli Liderimiz we Rustam Minnihanow bilelikde
Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen
Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän
bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini
giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary
derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge
itergi berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler
geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady
forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy
hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden
gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň
wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky
strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.