Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa
Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy
Neda Berger bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda özboluşly
döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine
aýratyn orun degişlidir. Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
başlangyjy bilen döredilen bu orkestriň iki ýurduň zehinli sungat ussatlaryny
bir ýere jemläp, Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly sungat köprüsini
emele getirýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeriň köp
ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge goşýan goşandyny belläp, bu
jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi
çekdi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn
gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de hanym Neda Berger medeni hyzmatdaşlygyň
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ileri
tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.