milli goshun logo
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
11 sagat öň 7 Habarlar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onda şanly ýylda Türkmenistanyň syýasy we medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara, dünýäde üç gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklara bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnal ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň degişli Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň nyşany hem-de Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini beýan edýän suratlar bilen açylýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk döwlet berkararlygymyzy pugtalandyrýan, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary, onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän orny neşiriň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen makalada giňişleýin açylyp görkezilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna bagyşlanan makalada giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek ýaly asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Türkmenistan halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çalyşmak bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde ykrar edilmegine, daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, has durnukly, ynsanperwer halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen işleri alyp barýar.

Şu ýylyň şygaryna bagyşlanan makalada bu barada giňişleýin söhbet edilýär. Onda hemişelik Bitaraplygyň şanly ýylynyň milliligiň, sazlaşyga we özara hormata esaslanýan bitewüligiň dabaralanmasyna, geljek üçin garaýyşlaryň täzelenmesine öwrülendigi nygtalýar.

Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty şu ýylyň möhüm halkara wakalarynyň biri boldy. Maslahatyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan makalada DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilen köp sanly çäreleri özünde jemlän iri forumyň diňe bir diplomatik ara alyp maslahatlaşma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ylma esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlary işläp taýýarlamak, bu babatda syýasy tagallalary birleşdirmek üçin hem uly ähmiýete eýe bolandygy bellenilýär.

«Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen hyzmatdaşlygy» hem-de «Türkmenistanyň we YHG-a agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk: sebit gatnaşyklarynyň we durnukly ösüşiň nusgasy» atly makalalarda sebitiň 10 döwletini agza hökmünde özüne birleşdirýän abraýly halkara düzümiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada söz açylýar. Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň bu düzüme agza döwletler — Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösüşine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän ornuna bagyşlanan makalada öňüni alyş diplomatiýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyna üns çekilýär.

«Arkadag şäheri: arzuwlaryň hasyl bolmagy, Türkmenistanda geljegiň şäheriniň ösüşi» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

«Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşe tarap ýoly» atly makalada bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň möhüm ulag geçelgeleriniň kesişýän ýerinde strategik taýdan amatly ýerleşýän, baý tebigy serişdeleri we gadymdan gelýän medeni mirasy bolan Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanyp, öňden gelýän däpleriň we innowasiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän ösüş nusgasyna eýerdi.

«ECO Heritage» žurnalynyň ýörite sanynda halkymyzyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky makalalara hem orun berlipdir. «Türkmenistanyň medeniýeti: mirasy, özboluşlylygy we döwrebap ösüşi» atly makalada nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň medeni mirasy çuň taryhy köklere eýedir.

***

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine bagyşlady.

Žurnalyň girişinde ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna giňişleýin düşündiriş berýän makala ýerleşdirilipdir.

Neşirde Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara giňişlige çykan wagtyndan bäri daşary syýasatynda üç esasy ýörelgäni — milli bähbitlere berk daýanmagy, gadymdan gelýän mirasa ygrarlylygy we halkara diplomatiýasyna döredijilikli çemeleşmegi ugur edinendigi bellenilýär.

Neşirde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makala aýratyn orun berlipdir.

«Business Сentral Asia» halkara žurnalynda Türkmenistanyň şu ýylyň dowamynda gatnaşan sammitlerine we olaryň dowamynda beýan edilen başlangyçlara bagyşlanan makala aýratyn üns çekilýär.

Neşirde «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisi barada hem durlup geçilýär.

Žurnalda «Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşdy» atly makala ýerleşdirilipdir.

Neşirde Türkmenistanyň ykdysady özgertmelerini beýan edýän makala-da ýerleşdirilipdir.

«Business Сentral Asia» halkara žurnalynyň nobatdaky sany Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyna bagyşlanan makala bilen jemlenýär.

***

Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnalda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşy baradaky makala ýerleşdirilipdir.

«Türkmenistan — Gruziýa: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk we däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk» atly makalada bu baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Neşirde oktýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetine hem üns çekilýär.