Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň
Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan
edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet
berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly
täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem Pol Kapur pursatdan peýdalanyp,
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza
iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman
Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň
ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda türkmen-amerikan syýasy
geňeşmelerine gatnaşjakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu
geňeşmeleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli
we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we
düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar
köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygyny aýdyp, munuň üçin
amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Öz
gezeginde, Pol Kapur ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat
goýýandygyny belläp, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm
ornunyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, myhman ýurdumyzyň Birleşen
Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Gahryman
Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada belläp, soňky ýyllaryň
dowamynda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «C5+1» formatdaky sammite
gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherine amala aşyran iş
sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda Prezident Donald Tramp bilen
netijeli duşuşyklar geçirildi. Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy
we geljekde ony ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Gahryman
Arkadagymyz möhüm saparlaryň hatarynda şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň Florida
ştatyna amala aşyran saparyny belledi hem-de ýakynda Özbegistan Respublikasynyň
Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky
duşuşygynyň geçirilmeginiň sebit derejesinde syýasy dialogy, köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen
bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar
alnyp barylýar.
Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda
«Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle hem
iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär we
ýakynda Aşgabat şäherinde onuň nobatdaky maslahaty geçirildi.
«Türkmenistan
tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini
ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa
geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede
bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek
ugrunda çykyş edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de energetika
babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse
we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň
halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet
sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur Türkmenistan
bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.