Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etiýen Berhtolddan ynanç hatyny kabul
etdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik
wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň
arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi
türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin
hoşallyk bildirip, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan
der Belleniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn
başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik
etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk syýasatyna berk
eýerýän ýurtlarymyz BMG-niň çäklerinde häzirki döwrüň möhüm ählumumy
meseleleriniň çözülmegi ugrunda başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip,
birek-biregi ýakyndan goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň aprel aýynda Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Energetika
we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň öňe
süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Diplomata
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy
ugurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa
geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri halkara taslamalar barada
giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik
ýörelgeleriniň binýadynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň dürli
ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň
düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşygyň
ahyrynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Etiýen Berhtold ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň
gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda depginli ösdürilmegi ugrunda zerur
tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ýurtlarymyzyň
arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary dowam etdirmek hem-de
pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Etiýen Berhtoldy Awstriýa
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne
ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny
hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär.
Şunuň
bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Awstriýa Respublikasynyň
adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk,
ýurduňyza bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa
doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Siziň
Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.