Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we
bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen
tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Häzirki
döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda gurlan täze şäher ähli
ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag
şäherinde ähli ugurlarda alnyp barylýan işler döwletimiziň hemişelik üns
merkezinde saklanýar.
...Milli
Liderimiz Arkadag şäherinde güýzki möwsümde ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçiriljek ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli
garşylanyldy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, soňky
ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de her
ýylda müňlerçe düýp bag nahalynyň ekilýändigini belledi. Şunda bag nahallarynyň
ekiljek ýeriniň taýýarlyk derejesine, baglaryň görnüşlerine ylmy esasda
çemeleşilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz
Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň, şol sanda
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine
ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz döwletimizde
ekologik abadançylygy üpjün etmäge, tebigaty gorap saklamaga uly üns
berilýändigini, giň tokaý zolaklarynyň döredilýändigini aýtdy.
«Bag
durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Bag töwerege gözellik paýlaýar. Bag ekilen ýerler
adam saglygyna, howanyň arassalygyna öz täsirini ýetirýär. Bag ekmek ene
topraga bolan uly hormatdyr. Şoňa görä-de, bag ekmek ösüp gelýän ýaş
nesillerimizde ene topraga yhlas etmegi, zähmete bolan beýik söýgini
terbiýeleýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda mähriban halkymyzyň gatnaşmagynda
köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şundan ugur alyp, «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynda-da
ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşarys» diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni
dowam etdi we türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri bag ekmegi, oňa ideg
etmegi haýyrly hem-de sogap iş hasaplandygyny, ata-babalarymyzyň «Bagym bar,
barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly pähimleriniň bag ekip
ýetişdirmegiň wajyp ornuny görkezýändigini nygtady.
Halk
Maslahatynyň Başlygy ýakyn günlerde ýurdumyzda Hasyl toýunyň belleniljekdigini
hem-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, şeýle asylly işe
öz goşandyňy goşmagyň ata Watanymyza bolan beýik söýgüden nyşandygyna ünsi
çekdi. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sagdyn
durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şoňa
görä, ählihalk bag nahallaryny ekmegiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri ähli
ugurlar boýunça ylmy tarapdan esaslandyrylan bolmalydyr. Munuň özi bu künjekde
ýokary ozon gurşawynyň emele gelmegini üpjün eder.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
mekdebiniň we çagalar bagynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Mekdebiň
çäginde saýaly baglaryň köpçülikleýin ekilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk
ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň
hatarynda kesgitlenendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu işlere
ýaşlaryň hem işjeň çekilmegine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Munuň özi
ýaş nesilleriň zähmete, sahawatly topraga söýgüsiniň artmagyny şertlendirer.
Gahryman Arkadagymyz il içinde «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýä
kitabynda onuň ady bar» diýlişi ýaly, sogap işe hemmeleriň goşandynyň
bolmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy mekdebiň we çagalar bagynyň ýanynda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilýändigini aýtdy. Şunda
toplumyň hünärmenleri, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bölünip
berlen ýeri ylmy esasda öwrenmek, özleşdirmek we bu ýerde saýaly baglary
ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Aýratyn-da, bu
ýerde dörediljek seýilgäh zolagynyň çäklerinde ýodalaryň çekilmegi çagalaryň
arassa howada dynç almaklaryny üpjün eder. «Arassa howanyň, ýokary ekologik
ýagdaýyň çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge oňyn täsiriniň bardygyny köp
ýyllaryň tejribesi subut etdi» diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we bu
babatda öz maslahatlaryny berdi.
Güýzki
möwsümde Arkadag şäheriniň çäginde müňlerçe düýp bag nahaly ekiler. Şoňa görä,
Milli Liderimiz ekilen baglara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleriniň
yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini, baglaryň arasynyň arassaçylyk ýagdaýynyň
yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Munuň özi baglaryň ösüşini
çaltlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň saýaly baglar bolup ýetişmegine-de
ýardam berer.
Ählihalk
bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi,
oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe
bolmagyny şertlendirer. Bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda,
ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde wajyp ähmiýeti bolan
köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara
maslahatlaryny berdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy gözel tebigatymyzyň dag howasy bilen çölüniň, sährasynyň
arasyndaky arabaglanyşygy belläp, ekologiýanyň bu özboluşly aýratynlygynyň
utgaşmagy netijesinde ýakymly gurşawyň emele gelýändigine ünsi çekdi. Şu
nukdaýnazardan, tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işleri, saýaly baglaryň ösüş
tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamak maksady bilen, sanly ulgamyň we
emeli aňyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygy barada aýdyldy. Munuň
özi bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün
eder. Şeýlelikde, bagy ekmek ýaly sogap işleriň netijesinde geljek nesillere
saýa saljak tokaý zolaklary dörediler. Aýratyn-da, önümçilik toplumlary bilen
durmuş maksatly binalaryň arasynda tokaý zolaklarynyň döredilmegi, dürli
gülleriň ekilmegi möhümdir.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bu ýere gelip, ählihalk bag
ekmek dabarasyny geçirmek we bu künjek üçin ýaramly bag nahallaryny seçip almak
babatda maslahatlaryny berendigi hem-de oba hojalyk toplumyna ýer bölekleriniň
bölünip berlendigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Şeýle hem wise-premýer kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.
Milli
Liderimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň
häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. D.Orazow häzirki
döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler,
gurluşygy dowam edýän önümçilik desgalarynyň ýagdaýy, Ahalteke atlary şaýoluny
döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada maglumat
berdi.
Milli
Liderimiz ikinji tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyk işlerinde ýokary hil
derejesiniň üpjün edilmegi, önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň
gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda ähli zerur
tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halk Maslahatynyň Başlygy
Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, ýol
ýakalarynyň bezeg işlerini häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine
ýetirmek babatda maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol ýakalary
düzgünleşdirilen tertibe laýyk derejede abadanlaşdyrylmalydyr. Munuň özi ýerine
ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmek bilen bir hatarda, desgalary
abadanlaşdyryş işleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegini hem üpjün
eder.
Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde degişli arassaçylyk we
abadançylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýtdy hem-de öňde
boljak ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görlen
taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri
ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralaryna işjeň gatnaşar.
Hormatly
Arkadagymyz şäheriň ähli çäklerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň
ýola goýulmagynyň bu ýerde ýokary ekologik derejäniň saklanmagy bilen bir
hatarda, şäher ilatynyň işjeňligine, ruhubelentligine-de oňyn täsirini
ýetirjekdigini belledi. Şunda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly
geçirmek, oňa Arkadag şäheriniň ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek
meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de Arkadag şäheriniň
ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýunda mynasyp wekilçilik
etmegi ýola goýulmalydyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz şäheriň çäkleriniň arassaçylygy, ilatyň saglygy, ýaş nesillerde
watançylyk duýgusyny ösdürmek, ähli işleriň düzgünleşdirilen tertipde ýerine
ýetirilmelidigi barada aýdyp, meýilleşdirilen çäreleri abraý bilen geçirmekde
hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Ösüşleriň
belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze
taryhynda möhüm orny eýeleýän Arkadag şäheriniň dürli ugurlar boýunça
sazlaşykly ösüşi guwandyryjy ýagdaýdyr. Arkadag şäheriniň gazanýan
üstünliklerinde «akylly» şäheriň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar.