Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik
Ntombeladan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli
wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky
dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp
barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi
türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Günorta
Afrika Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň
dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin
maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň
dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän
döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji
nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň
çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň
ahyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombela okgunly ösýän hem-de parahatçylyk
söýüjilikli ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna
wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň
Alyhezretiňiz!
Ýurtlarymyzyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, men
jenap Lungisani Dominik Ntombelany Günorta Afrika Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi
makul bildim.
Onuň
ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň
Alyhezretiňiziň makullamagyny hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär.
Şunuň
bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden onuň meniň adymdan ähli beýan
etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, ýurduňyza bolsa
gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy
haýyş edýärin.
Matamela Siril RAMAFOSA,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti.