milli goshun logo
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
2 gün öň 46 Habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän žurnal giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Nobatdaky neşir täze açyşlara, medeniýet ulgamynda, halkymyzyň ruhy mirasy babatda, şol sanda golýazma, dil, edebiýat, taryh ylymlaryny ösdürmek boýunça geçirilen gözlegleriň netijelerine bagyşlanan makalalary okyjylara ýetirýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine, şeýle hem dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Neşiriň «Täze ylmy açyşlar» bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäriniň «Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diliniň taryhynyň öwrenilişi» atly makalasy bilen açylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan makalada 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamany biragyzdan kabul edendigi bellenilýär.

«Garaşsyzlyk — ösüşlerimize ruhlandyryjy gymmatlyk» atly makalada Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzyň ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanandygy nygtalýar.

Žurnalyň «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi «Görogly» şadessany we nusgawy şahyrlaryň gahrymançylykly dessanlary» atly makala bilen başlanýar.

«Şähryslamyň binagärlik bezegi» atly makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Şähryslam — bu Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikdir.

«Orta asyr Gündogar edebiýatynyň ylym mekdebi» atly makalada türkmen halkynyň medeni we ruhy ösüşine uly goşant goşan, dünýä ylmynyň taryhynda mynasyp orun alan alymlardyr şahyrlar hakyndaky maglumatlar beýan edilýär.

Žurnal «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul — sentýabr aýlarynda Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.

Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.