milli goshun logo
Takyklygy ýokary bolan ýüz tanaýjy tehnologiýa
Takyklygy ýokary bolan ýüz tanaýjy tehnologiýa
27.05.2019 2625 Tehnologiýa

«Rostec» kompaniýasynyň «Rosoboronexport» we «NtechLab» şereketleri Ýaragly Güýçler we aýratyn maksatly bölümler üçin «FindFace» atly deňi-taýy bolmadyk ýüz tanaýjy programmany işläp düzdüler.

Kompaniýa tarapyndan işlenip düzülen «FindFace» programmasy dünýäniň iň ynamly biometriki tanaýjy programmasydyr. Programmanyň 0.3 sekuntda 99% anyk derejede ýüz tanamak ukyby bar. Ýokary takyk görkezijiler biometriki maglumat edinmegiň ýönekeýligi bilen birleşýär. Bu bolsa enjamy adamlary tanamakda beýleki enjamlardan has öňe çykarýar.

Ýüz tanaýjy tehnologiýa serhetleriň, gümrükleriň geçiş nokatlaryna gözegçilik etmek we kanuny bozmalaryň öňüni almak üçin ulanylyp bilner. Sistemanyň kameralary ýüzleri awtomatiki ýagdaýda bellige alýar. Nätanyş bir kişi bellige alynsa, dessine operatora habar berilýär.

«Ýüz tanaýjy enjam dünýädäki iň tiz hem-de takyk işleýän enjamlaryň biridir. Biz munda goşunyň işini aňsatlaşdyrjak ähli mümkinçilikleri göz öňüne tutduk. Enjamyň aýratynlyklarynyň ählisi geçiş nokatlary we terrorizma garşy tabşyryklar üçin niýetlenendir» diýip, «NtechLab» şereketiniň hünärmeni belläp geçýär.