«Turwil» kysymly
atom suwasty gämisi «BMC» kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Ol özboluşly bezeg
aýratynlyklaryna eýedir. Önümçiligi ýedi ýyl dowam eden gäminiň esasy maksady
garşydaşyň nyşanlaryny ýüze çykarmak hem-de aňtawçylyk işlerini alyp barmak
bolup durýar. Uzynlygy 99,5 metr, agramy 5300 tonna barabar bolan gämi 2024-nji
ýylda ilkinji deňiz ýüzüşini amala aşyrdy. Dünýäniň iň möhüm harby tehnikalarynyň
sanawyndan orun alan «Turwil» 2025-nji ýylda ulanylyşa giriziler. Munuň özi Ýer
ýüzüniň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrar.