milli goshun logo
«R550» – döwrebap dikuçar
«R550» – döwrebap dikuçar
24.05.2025 87 Tehnologiýa

        Özbaşdak hereket edýän uçarlary öndüriji «Rotor Technologies» kompnasiýasynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda dünýäde iň uly göwrümli uçarmansyz hereket etmäge ukyply bolan dikuçary işläp taýýarladylar. «R550» kysymly bu dikuçar emeli aň ulgamy, uzakdan dolandyryş serişdeleri bilen abzallaşdyrylan bolup durýar. Onuň umumy agramy 1 tonnadan geçýär. Döwrebap dikuçaryň uçuş wagty 3 sagatdan gowrak bolup, iň ýokary tizligi sagatda 150 mildir. Kompaniýanyň bu önümi dürli howa şertlerinde ýükleri daşamaga, gije-gündiz goragy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.