Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň
Kinematografiýa agentliginiň hem-de Özbegistanyň Kino işgärleriniň döredijilik
birleşiginiň goldaw bermeginde guralan «Живая история» («Janly taryh») atly
halkara kinoforumy tamamlandy.
Bu çäre dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan, şol sanda
Russiýadan, Ýaponiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Hytaýdan,
ABŞ-dan, Fransiýadan we beýleki döwletlerden režisýorlary, prodýuserleri we
hünärmenleri bir ýere jemläp, kino ulgamynda öňdebaryjy halkara forumlarynyň
biri hökmünde öz derejesini tassyklady.
Türkmenistanyň
wekiliýeti forumda hünärmenler jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden milli
kino taslamalaryny hödürledi. Geçirilen çekişmeleriň dowamynda taryhy we medeni
mirasa täzeçe garamagy, şeýle hem kino we animasiýa pudagynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň
jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we häzirki zaman sanly
tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada
ähtnamalara gol çekildi.
Forumyň iň esasy wakasy Özbegistanyň Milli kinosungaty
köşgünde geçirilen «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragy gowşuryş dabarasy
boldy.
Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki
tagallalary bilen surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper film «Iň oňat
film» diýen ýokary baha mynasyp boldy, şeýle hem iň oňat grim we lybaslar üçin
baýraklary eýeledi. Filmiň režisýory Muzaffar Erkinow bu eseriň üstünde
işlemegiň iki halkyň ruhy ýakynlygyny we gymmatlyklaryna bolan düşünjeleri
has-da berkitjekdigini belledi.
Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan bu kinotaslama Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hem-de Milli kinematografiýany
ösdürmek boýunça merkeziniň goldawy bilen amala aşyryldy. Filmde Türkmenistanyň
öňdebaryjy artistleri surata düşdüler.
Bu filmiň Aşgabatda, Bolgariýada, Kazanda, Türkiýede,
Londonda geçirilen halkara festiwallaryndaky üstünlikleri, şeýle hem Nýu-Ýork,
Barselona, Izmir we beýleki şäherlerde görkezilmegi Türkmenistan bilen
Özbegistanyň arasyndaky mizemez dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasydyr.
Bu giň gerimli kinotaslama iki ýurduň arasyndaky medeni
hyzmatdaşlygyň we ruhy doganlygyň aýdyň nusgasyna öwrülip, sebit
kinematografiýasynyň häzirki zaman ösüşinde dostlugy we özara düşünişmegi
has-da berkitdi.