Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy
siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy
Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady.
Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy.
Çykyş tamamlanandan soňra, Rim şäheriniň häkimine söz
berildi.
Roberto Gualtýeri dabara gatnaşyjylary hem-de hormatly
Prezidentimizi mübärekläp, şu gün müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň
emele gelen ýeri — Kapitoliý baýrynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary»
atly arheologik serginiň açylýandygyny aýtdy we 2025-nji ýylyň oktýabry —
2026-njy ýylyň aprel aýy aralygynda geçiriljek bu giň möçberli çäräniň Merkezi
Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän
özboluşly köpri bolup durýandygyny belledi.
Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz
berildi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Italiýa
Respublikasynyň Rim şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gadymy
siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlap, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik
ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu
sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen we italýan arheologlarynyň
arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça
özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji
ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki wagtda has-da üstünlikli dowam
etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki
tagallalary netijesinde gadymy ata-babalarymyzyň miras goýan medeni
gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi.
Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär.
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik
sergide gadymy Margianada we Parfiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze
çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklaryň — arheologik tapyndylaryň görkezilmegi
örän uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet
goraghanasy, 2007-nji ýylda Nusaýyň Parfiýa galalary Türkmenistanyň beýleki
taryhy ýerleri bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna
girizildi. Bürünç asyrynyň siwilizasiýasy bolan gadymy Margiana Türkmenistanyň
Mary welaýatynyň çäginde, Murgap derýasynyň gadymy hanasynyň ugrunda ýerleşýär.
Bu ýerden ady rowaýata öwrülen, birmahallar Mesopotamiýanyň, Müsüriň şäherleri
bilen söwda we medeni gatnaşyklary ösdürip gelen Margiananyň şöhratly geçmişine
degişli bolan taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Antik döwre degişli döwlet bolan Parfiýanyň esasy
ýadygärlikleriniň biri-de Nusaýdyr. Öz döwrüniň medeniýetine degişli bolan
gymmatly maglumatlary özünde jemleýän Nusaý Aşgabat şäheriniň golaýynda
ýerleşmek bilen, ol syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
Antik döwrüň Parfiýa patyşalygy Gadymy Rim bilen diplomatik, söwda we medeni
gatnaşyklary mäkäm ýola goýupdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Rimiň
iň bir meşhur muzeýleriniň birinde, bu günki sergide Parfiýa medeniýetine we
sungatyna degişli bolan gymmatlyklaryň goýulmagynyň ähmiýetini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly,
türkmen halkynyň gadymy ata-babalary grek-rim dünýäsiniň medeni ösüşlerini
nusga edinip, milli medeniýetiň adaty nusgalary bilen baýlaşdyrylan örän ajaýyp
sungat eserlerini döredipdirler. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen
şol sungat eserleri bu günki sergide goýulmak bilen, olar dünýä halklaryny
parahatçylyga, dostluga çagyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň
ösüşiň täze derejelerine göterilýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa
barlaglary boýunça türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk
üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda hem-de Italiýa
Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere iki ýurduň medeniýet we sungat
ussatlary işjeň gatnaşýarlar. Bu halkara çäreler iki ýurduň medeniýetleriniň
biri-birini baýlaşdyrmagyna, özara tejribe alşylmagyna uly mümkinçilik
döredýär.
Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh
toplumynda meşhur italýan şahyry Dante Aligýeriniň ýadygärliginiň goýulmagy
türkmen we italýan halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynda taryhy waka boldy
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we taryhy-arheologik gymmatlyklary,
ýadygärlikleri ýüze çykarmak hem-de öwrenmek boýunça geljekde hem türkmen we
italýan alymlarynyň uly işleri alyp barjakdyklaryna ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy
mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk,
döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, dabaraly
ýagdaýda sergini açdy.
Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we
medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň
aýdyň netijesidir. 30 ýyldan gowrak wagt bäri Italiýanyň arheologlary türkmen
kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip
gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga,
öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde
guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy
mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini
görkezýär. Serginiň birinji bölüminde ýerleşdirilen monitorda Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri görkezilýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde, Türkmenistan belent halkara
abraýa eýe bolan kuwwatly, öz-özüni üpjün edýän berkarar döwlete öwrüldi, ähli
gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, abraýly halkara guramalar, sebit düzümleri
bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary
innowasion esasda işjeň ösdürilip, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli
artdyrylýar. Ykdysady ösüşiň durnukly artýan görkezijileri, halkymyzyň durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Bürünç zamanyndaky Margiana» atly bölüm biziň
eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli Margiana siwilizasiýasyna
bagyşlanypdyr. Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän meşhur Goňurdepe
toplumy bu medeniýetiň merkezi bolupdyr. Mesopotamiýa, Hindi siwilizasiýasy we
Gadymy Müsür bilen döwürdeş gülläp ösen Beýik Horasan siwilizasiýasynyň möhüm
merkezi Margiananyň ösen maddy medeniýeti, durmuş ulgamy we giň söwda
gatnaşyklary bolupdyr.
Muzeýe gelýänler sungatyň we senetçiligiň gaýtalanmajak
görnüşlerini döreden Margianada geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň
netijesinde ýüze çykarylan, bişen toýundan ýasalan keramiki gaplaryň dürli
görnüşleri, ýüzünde haýwanlaryň şekilleri ýerleşdirilen gaplaryň bölekleri,
daşdan, bürünçden ýasalan kosmetiki gaplar, kümüşden, bürünçden, daşdan ýasalan
möhürler, altyndan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan monjuk hem-de bezeg
esbaplary, daşdan we toýundan ýasalan heýkelleriň hem-de süňkden ýasalan
esbaplaryň birnäçe görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Dürli gymmat bahaly daşlardan we altyndan ýasalan
şaý-sepler bu ýere gelýän myhmanlaryň aýratyn ünsüni çeker. Goňurdepede ýüze
çykarylan bu sungat eserleri Margianada zergärçiligiň ýokary derejä ýetendigine
şaýatlyk edýär.
Parfiýa şalygy döwrüne bagyşlanan bölümde Köne Nusaý
galasynda ýüze çykarylan gadymy sungatyň ajaýyp eserleri görkezilýär. Dünýä
taryhyndan belli bolşy ýaly, antik döwrüň iň ösen döwletleri bolan Parifýa bilen
Gadymy Rimiň arasynda ýakyn söwda hem-de medeni gatnaşyklar bolupdyr. Alymlaryň
bellemegine görä, bu kuwwatly döwletleriň medeniýeti we sungaty biri-birine öz
täsirlerini ýetiripdir.
Şirmaýydan ýasalan meşhur ritonlara ekspozisiýada aýratyn
orun berlipdir. Bu sungat eserleri bezegi hem-de nepisligi bilen göreni haýran
galdyrýar. Olaryň ýüzünde grek mifologiýasyndan sahnalar, dürli gahrymanlaryň
şekilleri Gündogar nagyşlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.
Şeýle hem sergide Parfiýa hökümdarlarynyň durmuşy bilen
baglanyşykly gymmatlyklar, şol sanda şirmaýydan ýasalan tagt, kümüşden ýasalyp,
altyn çaýylan heýkeljikler, Parfiýa şasy Mitridat II-niň kelle heýkeliniň
bölegi, Rodogunanyň we Afroditanyň mermerden ýasalan heýkeli we beýlekiler bar.
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik
serginiň Rimde geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan
dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda
köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri özbaşdak
medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda
halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy
mirasy bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrar.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras
müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen
Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Leonardo da Winçi adyndaky Fýumiçino Halkara howa
menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň
Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň
resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Italiýa amala aşyran
resmi sapary, onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler hem-de gol çekilen
ikitaraplaýyn resminamalar däp bolan dostlukly türkmen-italýan gatnaşyklarynda
möhüm tapgyr bolup, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň
gerimi boýunça ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.