«Yeteknoloji»
kompaniýasynyň öndüren germewli elektromagnetik ýaragy goranyşda hem-de hüjümde
howply hipersonik (sesden çalt gidýän) ýaraglara mynasyp bäsdeş bolup biler.
Bu täze ýaragy bar bolan ýarag
sistemalary bilen utgaşykly ulanyp bolýar. Onuň tabşyryklary howpsuz
ýagdaýda geçirmek ýaly aýratynlyklary bar. Ýaragda zyňmak üçin partlaýjy
maddanyň ýerine elektrik togunyň ulanylmagy ulanyş taýdan amatlylygy,
dolandyryş howpsuzlygyny üpjün edýär. Ol
adaty ok-därili ýaraglara görä has arzan bolup, tizligi sesden çalt
gidýän raketalaryň tizliginden has ýokarydyr. Şonuň üçinem onuň radara
düşürilmegi hem örän kyndyr. Şeýle hem ýarag has ýokary ýok ediji güýje
eýedir.
Bu ýarag
ilkinji barlaglardan üstünlikli geçdi.