milli goshun logo
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
2 gün öň 38 Habarlar

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda oňyn netijelerini berýär hem-de dünýä bileleşiginiň, halkara guramalaryň giň goldawyna mynasyp bolýar. Bu ugurlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sanynda çap edilen makalalarda-da öz beýanyny tapýar. Giň okyjylar köpçüligine, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplara, syýasaty öwreniji alymlara niýetlenen neşirde köptaraply döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar beriş, gollanma, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar ýerleşdirilipdir.

Ýyllyk neşirde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli demokratik özgertmeleriň wezipelerini we mazmunyny açyp görkezmäge aýratyn üns berilýär. Neşiriň daşky sahypasynda «Abadançylyk» binasynyň suraty ýerleşdirilipdir.

Žurnaldaky «Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip», «Parahatçylyk — ýaşaýşyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ösüşiň beýik taglymaty», «Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyl», «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!», «Magtymguly Pyragynyň zamanasynda we häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklary» atly makalalar hem möhüm mowzuklara bagyşlanypdyr.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilime geçmek bilen bagly alnyp barylýan işlere bagyşlanan «Türkmenistanyň bilim syýasatynda halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagy» atly makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. «Türkmeniň nesil terbiýesi syýasaty», «Sagdyň durmuşyň wagyzçysy» atly makalalarda raýat jogapkärçiligine oňat düşünýän, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmäge hem-de ýaş nesliň hukuk, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen terbiýe syýasaty öz beýanyny tapýar.

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryndan gözbaş alýan belent ynsanperwer ýörelgeler döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň köpugurly döredijilik eserlerinde hem uly orun tutýar. «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri — jemgyýetiň gymmatly ruhy-ahlak ýol görkezijileri» atly makalada bu barada täsirli maglumatlar berilýär.

«Türkmen eposlarynda parahatçylyk taglymaty», «Syýahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň ygtybarly çeşmesidir», «Ýüpekçilik — medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi» atly makalalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyny ösdürmek meselesine bagyşlanýar.

«Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy: gazanylanlar we ösüş mümkinçilikleri» atly makalada obasenagat toplumynyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn seljerme berlip, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatda görülýän anyk çäreler öz beýanyny tapýar. «Garaşsyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygyna 30 ýyl» atly makalanyň awtory ýurdumyzda kärdeşler arkalaşyklarynyň döreýşi we ösüşi barada söz açýar.

Žurnal Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbiniň teatr sahnasynda janlandyrylmagyna bagyşlanan «Teatr sahnasynda Magtymguly Pyragynyň waspy» atly makala bilen jemlenýär.