Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän
«Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalda
Watanymyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy
ugurlary beýan edilýär.
Neşiriň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly,
halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi.
Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini üpjün
edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly,
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň
guralandygyny belledi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet
Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara
forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm
ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi.
“Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň
at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine
gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly
jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek
üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň
geçiriljekdigine ünsi çekip, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara
gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl üçin kabul edilen Maksatnamanyň örän
köp işleri öz içine alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz bilen
bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara
ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Žurnalda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň “Türkmenistan — ÝUNESKO:
parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly makalasy
ýerleşdirilipdir. Onda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän we
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň sebitde we halkara derejede
parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkidýändigi
bellenilýär. BMG bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň
esasy ugry bolup durýar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu
guramanyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy
bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklar ilerledilýär.
Žurnalda 23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde
geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we
halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara
toparyň nobatdaky mejlisi baradaky makala hödürlenilýär. Türkmenistanyň
Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibine
laýyklykda, pudagara topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we şu ýylda öňde durýan wezipeler
kesgitlenildi. Mejlisde nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy mundan
beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak,
Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, beýleki halkara guramalaryň
wekilhanalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam hukuklarynyň we
ynsanperwer hukugyň talaplaryndan gelip çykýan halkara başlangyçlarydyr
borçnamalary ýerine ýetirmek babatda birnäçe çäreler durmuşa geçirildi.
Zähmeti guramak we goramak bu ugurdaky işleri
kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bularyň hemmesi raýatlaryň
intellektual ukyplaryny netijeli amala aşyrmak üçin zähmeti ylmy hem-de
innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen köptaraplaýyn
konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek, zähmet
gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň hukuklaryny goramak boýunça degişli işleri
alyp barýandygy bellenildi. Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramakda
halkara borçnamalaryny berjaý etmäge jogapkärli çemeleşýändigini görkezip
gelýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi çagalaryň abadan
durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň anyk
mysalydyr. Mejlisde BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda milli
hasabatlary we synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramakda öňdebaryjy
tejribeleri öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän forumlaryň, okuw
maslahatlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Žurnalda çap edilen makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory
Ýagmyr Nuryýewiň “Milli hukuk ulgamynyň halkara hukuk bilen sazlaşygy” atly
makalasy hem bar. Awtor halkara söwda-ykdysady, ulag-logistika gatnaşyklarynyň
ösmeginiň, tebigatdan peýdalanmagyň ähli ugurlarynda döwletleriň özara
baglanyşygynyň halkara we ýurduň içerki hukugynyň özara täsirini
çuňlaşdyrýandygyny belleýär. Munuň özi kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek,
halkara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmek arkaly milli we halkara hukuk
ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanda bu
wezipe halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmagyň milli gurallary arkaly netijeli
çözülýär. Şunlukda, milli hukuk ulgamynyň halkara hukuk bilen sazlaşykly
ösdürilmegi, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan
halkara başlangyçlary parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, durnukly ösüş üçin
amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Döwlet Amanmyradowyň “Türkmenistanda zähmeti
goramak ulgamynyň hukuk binýady” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda nygtalyşy
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan
beýläk-de ösdürmegiň depginini we strategik ugurlaryny şöhlelendirýän 2026-njy
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
şygary hem-de şu ýylda öňde goýlan wezipeler kämillige, häzirki zaman
tehnologik gazanylanlary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar. Esasy Kanunymyz adam
hukuklary, azatlyklary babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna,
milli döwletliligimiziň köpasyrlyk tejribelerine, parahatçylyk söýüjilik,
dostluk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanyp, synmaz
watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz, gujur-gaýratly zähmetimiz bilen
Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny yzygiderli berkidýär.
Işgärleriň hukuklaryny goramak, olara deň hukuklary we
azatlyklary, zähmete, bilim almaga, saglygyny goramaga, durmuş üpjünçiligine
hukugyny kepillendirmek üçin kanunçylyk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda zähmetiň howpsuz şertlerini üpjün etmek maksady
bilen, degişli dolandyryş ulgamlary ýola goýulýar, iş ýerlerinde döwrebap
enjamlar ornaşdyrylýar, şahsy we köpçülikleýin gorag serişdelerinden
peýdalanylyp, halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän inženerçilik-tehniki
çäreler geçirilýär.
“Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşige
hödürlenen ylmy-amaly we maglumat beriş makalalary hem okyjylaryň ünsüni özüne
çeker. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we
hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl durmuşa geçirilýän konstitusion
özgertmeleriň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giň
jemgyýetçilige düşündirmek, raýat hukuklarynyň hereket edýän kanunlarda
dabaralanýandygyny şöhlelendirmek üçin bu bäsleşigi yglan edýär.
“Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak — döwrebap wezipe” atly
makalanyň awtory, ykdysady ylymlaryň kandidaty Jeren Hanaýewa ýurdumyzda ýokary
bilimli, kämil dünýägaraýyşly, watansöýüji, durmuşa jogapkärli garaýan ýaş
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň ösdürilmegi
babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekýär. Halypa bilen
şägirdiň arasynda özara gatnaşyklary häzirki zaman derejesinde guramak üçin
ähli şertler döredilýär, ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Bäsleşige hödürlenilýän “Jenaýat iş ýörediş
hukugynyň ösüş ugurlary we halkara tejribe” atly ýene bir makalada soňky
ýyllarda milli we halkara jenaýat iş ýörediş hukugynda bolup geçen möhüm
wakalar beýan edilýär. Bu täzelikler, esasan, jenaýaty derňemek işine sanly
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, adam hukuklarynyň goraglylygynyň berkidilmegi,
halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Žurnalyň sahypalarynda “Intellektual eýeçiligiň halkara we
milli hukuk kadalarynyň sazlaşygy” atly makala-da ýerleşdirilipdir. Bäsleşige
hödürlenilýän makalada awtor ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda,
intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny kemala getirmek, bu ugurda döwlet we
halkara derejede raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegini
üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Şunlukda,
intellektual eýeçiligiň obýektleriniň (tehnologiýa, haryt nyşanlary, awtorlyk
hukugy we beýlekiler) netijeli ulanylmagy bilen, intellektual mümkinçilikler,
ykdysadyýetiň innowasion ösüşi dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply bolmagyň
çeşmesi bolup biler.
Däp bolşy ýaly, žurnal «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar.
Onda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň
gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara,
duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.