milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
15 sagat öň 17 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.

Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň “At — myrat” diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Bu ýerde Milli Liderimiz Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlikde Sofi Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, özüniň hem bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa maşgalasynda atly sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.

Milli Liderimiziň bu sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.