Golaýda Bitarap Türkmenistanyň
paýtagty Aşgabat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň
ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, ählumumy syýasy dialogyň merkezine öwrüldi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan
edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe,
şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň
gerimli halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi. Esasy habarlar
agentlikleri, elektron media neşirleri we beýlekiler öz sahypalarynda forumy
giňden şöhlelendirip, häzirki geosyýasy ýagdaýlarda onuň aýratyn ähmiýete
eýedigini bellediler.
Habarlarda we makalalarda
parahatçylyk döredijilikli diplomatiýanyň netijeli guraly hökmünde türkmen
Bitaraplygyna esasy orun berilýär. Žurnalistlerdir bilermenler Türkmenistanyň
Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, häzirki wagtda derwaýys sebit
we ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde
çykyş edýändigini belleýärler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde nygtalyşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek başlangyjyna ýokary baha berip,
oňa döwletleriň arasynda dialogy dikeltmäge, ynanyşykly gatnaşyklary ýola
goýmaga çagyryş hökmünde garaýar.
Media neşirleri forumyň ýokary
wekilçilikli derejesine ünsi çekdiler. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk
döredijilikli ornunyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden
goldanylýandygynyň güwäsidir. Dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň, iri sebit guramalarynyň, BMG-niň düzüm birlikleriniň
ýolbaşçylarynyň foruma gatnaşmaklary bilen bagly wakalar ýaýlyma berlen
reportažlarda aýratyn görkezildi. Forumyň ýokary wekilçilikli düzümi
Türkmenistanyň açyk we netijeli pikir alyşmak babatda zerur gurşawy döretmäge
ukyply, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny äşgär edýär. Halkara synçylar
seljerme makalalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň garaýyşlary
ýakynlaşdyrmak we ylalaşyk gazanmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini
belleýärler.
Daşary ýurt metbugaty forumyň
anyk netijelerine ünsi çekýär. Makalalarda oňa gatnaşyjylaryň energetika
howpsuzlygy, durnukly ulagy pugtalandyrmak, sebit infrastrukturasyny ösdürmek,
ekologiýa meselelerini çözmek boýunça anyk teklipdir başlangyçlary beýan
edilýär. Synçylaryň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilen halkara forum durnukly
ösüşe gönükdirilen sebit we ählumumy strategiýalary utgaşdyrmak babatda
netijeli platforma boldy. Hususan-da, ýakyn geljekde ykdysady we ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň täze ugurlary üçin binýady goýan ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn duşuşyklar giňden şöhlelendirildi. «Forumyň öňde goýlan maksatlara
ýetjekdigine we halkara gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm waka öwrüljekdigine
meniň hiç hili şübhäm ýok. Çünki gürrüň örän derwaýys meseleler — parahatçylyk,
bitaraplyk we ynanyşmak barada barýar. Bular häzirki döwürde örän wajyp
düşünjelerdir» diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň aýdan
sözlerini gazak neşirleri mysal getirýär.
Hytaýyň «Sinhua» habarlar
agentliginiň sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara
Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna
bagyşlanan forumyň ýokary derejesi bellenilýär. «EADaily» Ýewraziýa habarlar
agentliginiň sahypalarynda forumyň ýokary derejeli duşuşyklary, Bitaraplyk
binasyna gül goýmak dabarasyny, «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň
bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlisi öz içine alýan giň
gerimli maksatnamasyna üns çekilýär. ŞHG we integrasion prosesler hakyndaky
köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan «ИнфоШОС» diňe bir forumdaky
çykyşlary däl, eýsem, çäräniň anyk netijelerini hem şöhlelendirýär. Neşiriň
sahypalarynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygy, olaryň
GDA-nyň çägindäki integrasion proseslerde eýeleýän orny, forumyň jemleýji
resminamasy bolan Aşgabat Jarnamasy barada nygtalýar.
Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we
Ýakyn Gündogaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu forumyň üç möhüm senä
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň simwolik
mana eýedigine ünsi çekdiler. Habarçylar öz makalalarynda forumy ählumumy
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança hökmünde
şöhlelendirdiler. Hindistanyň «The Economic Times», Azerbaýjanyň «Trend.az»
neşirleriniň sahypalarynda ählumumy dartgynlylygyň artýan häzirki şertlerinde
Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek boýunça başlangyjynyň
wajyp ähmiýeti bellenilýär. «The Economic Times» neşirinde Gazagystanyň
Prezidentiniň Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça beýan eden
pikirlerine üns berilýär. Munuň özi forumyň Ýewraziýa giňişliginde özara
baglanyşygy ösdürmek, sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri
ara alnyp maslahatlaşylan möhüm waka hökmünde hem kabul edilendigini görkezýär.
Metbugat sahypalarynda bitarap
platforma hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän wajyp orny aýratyn üns merkezinde
boldy. Daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň
dürli daşary syýasy garaýyşly ýurtlaryň Liderlerini bir ýere jemlemäge
mümkinçilik berýändigini nygtadylar. Synçylaryň sözlerine görä, munuň özi
ygtybarly araçy hökmünde Türkmenistana bildirilýän ýokary ynamyň nyşanydyr.
Russiýanyň «RIA nowosti», Hytaýyň «Sinhua» agentlikleri, Gazagystanyň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna
gelen wekiliýetleriň ýokary derejesine ünsi çekdiler. Şunda sebitiň iri
döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabada saparlary aýratyn gyzyklanma döretdi.
Köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde jemleýji resminamanyň — Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň
ähmiýeti bellenilýär. Bu resminamanyň kabul edilmegi taraplaryň parahatçylygyň
we durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki hereketlere ygrarlydyklaryny
tassyklap, foruma gatnaşyjylaryň anyk netijeleri gazanmagy maksat
edinýändiklerini görkezdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň e-cis.info
portalynyň sahypalarynda Türkmenistanyň integrasion orny nygtalýar.
Hyzmatdaşlaryň Bitaraplyga bagyşlanan çärä gatnaşmaklary Türkmenistanyň GDA-nyň
giňişliginde durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň goldanylýandygyny
subut edýär.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde, hususan-da, «IRNA» habarlar agentliginiň sahypalarynda foruma
ykdysady hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança hökmünde baha berilýär. Makalalarda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iri infrastruktura
taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi bellenilýär. Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň agentlikleriniň habarlarynda sebit raýdaşlygyna we Türkmenistanyň
Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna üns çekilýär. Forum
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
üçin wajyp dialog meýdançasy boldy.
Russiýanyň köpçülikleýin habar
beriş serişdeleri Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli forumy giňişleýin
şöhlelendirdiler. Hususan-da, strategik hyzmatdaşlyk we sebit durnuklylygy
meselelerine, Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna üns çekildi.
«TASS» döwlet habarlar agentliginiň habarynda nygtalyşy ýaly, Prezident
Wladimir Putiniň foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabada amala aşyran sapary
Russiýanyň daşary syýasatynda, hususan-da, GDA-nyň ugry boýunça gatnaşyklarda
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny
tassyklaýar.
«RIA
nowosti»
agentligi ikitaraplaýyn duşuşyklara ünsi çekdi. Onuň reportažlarynda forumyň
çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we
bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça meseleleri
ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär. «Rossiýskaýa gazeta» metbugat neşiri
öz habarlarynda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi. Synçylar rus
tarapynyň Türkmenistanyň işjeň we çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyna möhüm
ähmiýet berýändigine, oňa Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm
şerti hökmünde garaýandygyna ünsi çekdiler.
«Rossiýa24» teleýaýlymynyň
habarçylary reportažlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň
bu hukuk derejesini howpsuzlygy üpjün etmekde üstünlikli ulanmak tejribesini
bellemek üçin sebäpdigini bellediler. «Rossiýa24» öz habarlarynyň birinde: «Türkmenistanyň
Bitaraplygy çylşyrymly köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin BMG tarapyndan
ykrar edilen ygtybarly binýat bolup çykyş edýär» diýip nygtaýar. «TASS» döwlet
habarlar agentligi Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek
boýunça ara alyp maslahatlaşmalary giňişleýin şöhlelendirdi. Habarlaryň birinde
beýan edilişine görä, Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň, şol sanda
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy
Russiýanyň Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek
üçin strategik ähmiýete eýedir. Başga bir rus neşirinde forumyň Hazar deňzinde
bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berendigi nygtalýar.
Aşgabatda geçirilen duşuşyklar Hazar deňzinde howpsuzlyk we ekologiýa
meseleleri boýunça garaýyşlary mundan beýläk-de ylalaşmak üçin binýady döretdi.
Şeýle-de ritmeurasia.ru
portalynda: «Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň 30 ýyl mundan ozal
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini saýlamagyna ýokary baha berdi» diýlip
bellenilýär. «Bu ýol Türkmenistanyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde
ösüşiniň strategik ugruny kesgitledi. Türkmenistan baý taryhy, medeni we ruhy
mirasyna esaslanyp, okgunly ösýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda,
durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Türkmen döwleti oýlanyşykly daşary
syýasaty durmuşa geçirýär, sebit we halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň
pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä işlerinde hyzmatdaşlyk we özara
ynanyşmak ýagdaýyny döretmek üçin uly tagallalary edýär» diýip, Prezident
Wladimir Putin Aşgabat forumynda eden çykyşynda belledi. Şeýlelikde, Russiýanyň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyny türkmen-rus strategik
hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nyşany, Bitarap
Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynda parahatçylygy, ynanyşmagy, ykdysady
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan möhüm goşandy hökmünde suratlandyrdylar.
Aziýa ýurtlarynyň mediasy
metbugat sahypalarynda Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we ykdysady özara
baglanyşygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna aýratyn üns berdiler. Hytaýyň «China
Daily» neşirinde Aşgabat forumynyň dünýä döwletleriniň parahatçylykly ýaşamak
ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklamak üçin meýdança bolandygy nygtaldy.
Hytaýyň metbugat serişdeleri Türkmenistany tutuş Ýewraziýa yklymynyň bähbidine
hyzmat edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde şöhlelendirdiler.
Türkiýäniň «Anadolu»habarlar
agentligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň türki döwletleriň
arasynda gatnaşyklary ilerletmäge, sebitleýin ykdysady taslamalary ara alyp
maslahatlaşmaga ýardam berýän möhüm ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge
mümkinçilik berendigini belledi. Foruma gatnaşyjylar häzirki halkara
gatnaşyklar ulgamynda bitaraplygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtadylar.
Gapma-garşylyklaryň artýan şertlerinde Türkmenistanyň bu çemeleşmesi açyk
dialogy we parahatçylykly gatnaşyklary goldamagyň guraly bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy
dikeltmek üçin taryhy mümkinçilik döredendigini aýdyp, dialogyň, özara hormat
goýmagyň parahatçylygyň iň esasy kepilleri bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda dünýä gurluşynda parahatçylygyň,
ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeler bolmalydygyny, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň Konstitusiýada berkidilendigini, gapma-garşylyklaryň
parahatçylykly ýollar arkaly çözülmeginiň we adam hukuklaryna hormat
goýulmagynyň Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýändigini nygtady.
Umuman, dünýäniň esasy neşirleri Aşgabat forumyny dialogy, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin diplomatik köpri, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň netijeliligini tassyklan taryhy waka hökmünde beýan etdiler. Forumda beýan edilen başlangyçlar halkara jemgyýetçilikde uly seslenme döredip, «Parahatçylyk we ynanyşmak» konsepsiýasyny syýasy şygardan halkara gatnaşyklaryň täze, has adalatly we howpsuz ulgamynyň esas goýujy ýörelgesine öwürmegiň ýolunda möhüm waka boldy.