milli goshun logo
Ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygaryna bagyşlanan maslahat
Ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygaryna bagyşlanan maslahat
05.01.2021 13438 Habarlar

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi.

Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek.